21.11 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

21.11 2025

Açyklyk, dürli ulgamlarda we formatlarda giň hyzmatdaşlyga taýýarlyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýar.

20.11 2025

Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de sebit, sebitara we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge öňdengörüjilikli çemeleşýändigini görkezip gelýär. Ýurdumyz dürli formatlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Goňşy döwletler bilen däp bolan gatnaşyklar muňa aýdyň mysaldyr. Türkmen halkyny we bu ýurtlaryň halklaryny kökleri taryha uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklary, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar.

20.11 2025

Azerbaýjan we türkmen halklarynyň arasynda asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy, medeni, etniki, dil we dini baglanyşyklar iki doganlyk ýurduň gatnaşyklarynyň ygtybarly binýady bolup hyzmat edýär. Bu berk binýada esaslanýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyz Siziň Alyhezretiňiziň ynsanperwer başlangyçlary arkaly has-da çuňlaşýar.

20.11 2025

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-tatar iş toparynyň 10-njy mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, senagat we söwda ministri O.Korobçenkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyza sapar bilen geldi.

20.11 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik Al Saide we ýurduň ähli halkyna Oman Soltanlygynyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

19.11 2025

Oba hojalyk pudagyny depginli ösdürmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir.  

19.11 2025

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň on birinji maslahaty 2025-nji ýylyň 22-nji noýabrynda sagat 15:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň binasynda geçirilýär.

18.11 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nasser bin Ahmed Al Taherini kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

18.11 2025

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

1496 sahypa
Soňky habarlar
04.07
Täze ugurly senagat önümçiligi
04.07
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
03.07
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
03.07
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
03.07
Gahryman Arkadagymyzyň Eýran Yslam Respublikasyna sapary
03.07
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy