Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherine ugrady.
Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibinde ýurdumyzyň durmuş syýasatynyň möhüm meselelerine uly orun berildi.
Baýramçylyk dabaralaryna baý bolan geçen hepdäniň wakalary Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän döredijilikli strategiýanyň rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Bu strategiýa ýurdumyzyň syýasy we ykdysady durnuklylygyny saklamaga, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady döretmäge gönükdirilendir.
Indoneziýa Respublikasynyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlamaga şatdyryn.
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmagynda bina edilen Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden gutlaglarymy ýetirmäge şatdyryn. Pursatdan peýdalanyp, dostlukly döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky ýakyn gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegini arzuw edýärin.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.