Şu gün paýtagtymyzdaky “Aşgabat” myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi. Ol gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen esasy çäreleriň biri boldy. Mälim bolşy ýaly, bu hormatly dereje türki dilli döwletleriň ruhy-taryhy däplerini alamatlandyrýan hem-de pederleriň umumadamzat medeniýetiniň ösüşine goşan ägirt uly goşandynyň subutnamasy bolup durýan geçmişiň beýik ýadygärliklerine — meşhur şäherlere berilýär.
Şu gün paýtagtymyzda Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahaty tamamlandy. Bu forum ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň tejribe alyşmagynda, gatnaşyklary ösdürmekde, özara bähbitli taslamalary ara alyp maslahatlaşmakda we olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny kesgitlemekde uly ähmiýete eýe boldy.
Şu gün paýtagtymyzda, Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Munuň özi gursagy Watanymyzy ösdürmäge mynasyp uly goşant goşmaga hyjuwdan doly ýaşlarymyzyň durmuşynda ajaýyp waka öwrüldi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň birnäçe meselelerine garaldy.
Atdaýew Batyr Taganowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nokerguly Hojagulyýewiç Atagulyýewi Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesine 6 aý synag möhleti bilen bellemeli.
Goçmollaýew Begenç Hojagulyýewiçi, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatmaly.
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmegi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Kerimberdi Aýdogdyýewiç Kurbanowyň üstüne ýüklemeli.
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Gorkut ata» atly IV halkara kinofestiwal öz işini tamamlady.
Şu gün paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2024” atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady. Her ýyl geçirilýän bu halkara forum ýurdumyzda maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary boýunça iri çäreleriň biri bolmak bilen, ýokary tehnologiýalar, innowasiýalar, telekommunikasiýa ulgamlarynda ýetilen sepgitleri tanyşdyrmaga, tejribe alyşmaga mümkinçilik döredýär.