18.09 2025

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

17.09 2025

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda

17.09 2025

Şu gün Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap obanyň açylyş dabarasy boldy. Täze ilatly ýeriň “Bagtly zamana” diýlip atlandyrylmagy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyny alamatlandyrýar.

17.09 2025

2025-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda döwrümiziň iň döwrebap şäheri bolan Arkadag şäherinde ýetip gelýän beýik baýramçylyk – Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli ajaýyp ýaşaýyş jaýlaryň öýleriniň açarlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.  

17.09 2025

Sizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda uly dabara bilen giňden bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramy hem-de Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginde täze, döwrebap Bagtly zamana obasynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

17.09 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Rustam Minnihanowa saýlawlarda ýeňiş gazanyp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

16.09 2025

Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynda mynasyp dowam etdirilýän bazar ykdysadyýetiniň durmuş ugurly nusgasyny döretmek strategiýasy zähmet gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere täzeçil çemeleşmeleri talap edýär.

16.09 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

15.09 2025

Geçen hepde möhüm wakalara baý bolup, olarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň özgertmeler syýasaty netijesinde gazanylýan üstünlikler öz beýanyny tapdy. Ýurdumyzy toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen milli maksatnamalarda bellenilen wezipeleriň durmuşa geçirilmegi Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň berk binýadydyr.

15.09 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bahreýn Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bassam Ahmed Ali Marzukdan ynanç hatyny kabul etdi.

1534 sahypa
Soňky habarlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
12.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
12.10
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik