Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, şeýle hem “Migrasiýa hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, daşary ýurt raýatlarynyň bir toparyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalary bermek bellenildi.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň seçgiçileriniň we tohumçylarynyň adyndan Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn we mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkynyň bähbidine alyp barýan giň möçberli işleriňizde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Mangistau welaýatynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.
Doglan günüňiz mynasybetli Türkiýe Respublikasynyň halkynyň adyndan, şeýle hem hut öz adymdan Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn. Beýik Allatagaladan Size berk jan saglyk, parahat we uzak ömür arzuw edýärin.
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda işläp, halal zähmeti bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşmak arkaly tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, şol sanda medeniýet, sungat hem-de döredijilik ulgamynyň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi.
Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli professor, dosent we uly ylmy işgär alymlyk atlaryna eýe bolan alymlara attestatlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.
Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine mähriban halkymyzyň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen möhüm meseleler girizildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramyny giňden we dabaraly ýagdaýda belläp geçýäris. Sizi we mähriban halkymyzy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglygyny, bagtyýar durmuşy we alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Ýene-de sanlyja günden biz berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramyny ýokary derejede, giňden belläp geçeris. Garaşsyz Diýarymyzyň halkara abraýyny, şan-şöhratyny, milli mertebesini belende göterýän bu şanly sene biziň her birimizi beýik maksatlara ruhlandyrýar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ilatynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni baýramyny dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda, karar edýärin: