27.09 2026

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly taryhy ähmiýetli wakasy — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

27.09 2026

Sizi Watanymyzyň berkararlygyny we şan-şöhratyny dünýä ýaýýan baş baýramymyz — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýaryn.

27.09 2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Size hem-de dostlukly türkmen halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan etmek meniň üçin uly hormatdyr.


27.09 2026

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli Sizi we doganlyk türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlamaga hem-de iň gowy arzuwlarymy ibermäge örän şatdyryn.

26.09 2026

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çäreleriniň guramaçylyk derejesi, aýratyn-da, behişdi bedewlerimiziň şanyna guralýan dabaralara görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

26.09 2026

Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Dabara hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň hem gatnaşmagy onuň ähmiýetini we derejesini has-da artdyrdy.

26.09 2026

Şu gün Döwlet migrasiýa gullugynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken ynsanperwer Karary esasynda Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan daşary ýurtly raýatlara Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetiren bu çäre ýurdumyzda ynsanperwerlik ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.

25.09 2026

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

25.09 2026

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy halkymyzyň ýokary ruhubelentliginde uly dabaralara beslenip, guwandyryjy zähmet üstünlikleri bilen garşylanylýar.

25.09 2026

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 1054 raýatyň günäsi geçilip, olar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

1532 sahypa
Soňky habarlar
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty ul­ga­my­nyň iş­gär­le­ri­ne
10.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti hor­mat­ly Serdar Berdimuhamedowa
09.10
Ga­raş­syz Döw­let­le­riň Ar­ka­la­şy­gy­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­si
09.10
Türk­me­nis­ta­nyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň GDA-nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň Ge­ňe­şi­niň mej­li­sin­dä­ki çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyzyň «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­syn­da­ky çykyşy
09.10
Türk­men hal­ky­nyň Milli Lideri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gahryman Arkadagymyz «Arç­man» şy­pa­ha­na­syn­da goş­ma­ça tä­ze be­je­riş mer­ke­zi­niň bi­na­lar top­lu­my­nyň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­dy