Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
Medeniýet
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
Çap edildi 06.11.2026
31

Şu gün paýtagtymyzda GDA gatnaşyjy döwletleriň Medeni hyzmatdaşlyk boýunça geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu iri halkara çäre Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna baha bermek, geljekki bilelikdäki meýilnamalary kesgitlemek hem-de dostluk köprülerini has-da berkitmek ugrunda möhüm ädim boldy. Mejlisde GDA giňişliginde medeni gatnaşyklary ösdürmegiň esasy ugurlary we hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen bagly birnäçe meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga GDA agza döwletleriň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň esasy maksady Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasyndaky taryhy-medeni gatnaşyklary pugtalandyrmakdan, dowam edip gelýän ruhy-döredijilik baglanyşyklaryny täze derejelere çykarmakdan we özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmekden ybaratdyr.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, taraplar häzirki zaman şertlerinde medeniýet ulgamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyna baha berip, geljekki bilelikdäki meýilnamalary ara alyp maslahatlaşdylar.

Ýurdumyz medeni mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin köptaraplaýyn platformalary işjeň ulanyp, iri halkara we sebit guramalary bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar. Bu işde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna aýratyn orun degişlidir. Şu günki çäre hem muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Bellenilişi ýaly, medeniýet Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň giňişliginde milli özboluşlylygy saklamagyň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmegiň iň möhüm şerti bolup durýar. Türkmenistan milli medeni mirasymyzy gorap saklamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge, sungaty, edebiýaty hem-de döredijilik kuwwatyny ösdürmäge, şeýle hem halkara medeni hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän döwründe Arkalaşykda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ynsanperwer gün tertibini amala aşyrmaga aýratyn üns berilýär. Geçirilýän çäreler GDA gatnaşyjy döwletleriň arasyndaky medeni gatnaşyklary berkitmäge, hünärmen alyşmalaryny işjeňleşdirmäge we bilelikdäki başlangyçlary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Bu babatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 35 ýyllygyna we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler aýratyn ähmiýete eýedir.

Türkmenistan GDA halklarynyň umumy medeni baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan taryhy-medeni mirasy gorap saklamaga we wagyz etmäge, GDA gatnaşyjy döwletleriň arasynda medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge, bilelikdäki medeni taslamalary durmuşa geçirmäge uly üns berýär. Şu günki mejlis hem ynsanperwer ulgamdaky netijeli özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we döwletlerimiziň halklarynyň arasyndaky dostlugy pugtalandyrmaga möhüm goşant goşar.

Mejlisiň dowamynda 2026-njy ýylda geçirilen möhüm medeni çäreler, şol sanda GDA gatnaşyjy döwletleriň medeniýet ulgamyndaky 2026 — 2028-nji ýyllar üçin esasy hyzmatdaşlyk çäreleri we 2027-nji ýylda meýilleşdirilýän giň möçberli çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen birlikde, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan Meýilnamanyň durmuşa geçirilişi boýunça Geňeşiň agzalarynyň maglumatlary diňlenildi.

Mundan başga-da, «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Medeniýet günleri» Konsepsiýasynyň taslamasy we GDA gatnaşyjy döwletleriň «Arkalaşyk» atly halkara kinofestiwaly hakyndaky Düzgünnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi hem-de «GDA-nyň medeni paýtagtlary» döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy.

Şeýle hem mejlisiň dowamynda medeni mirasy gorap saklamak, dikeltmek we bütin dünýäde wagyz etmek boýunça bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak meselesine üns çekildi. Şunda Arkalaşygyň çäklerinde geçirilýän halkara festiwallaryň, medeniýet günleriniň we döredijilik duşuşyklarynyň uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Ara alyp maslahatlaşylan ugurlaryň hatarynda GDA giňişliginde yzygiderli ýagdaýda geçirilýän ýaşlaryň döredijilik oýunlaryny, halkara bäsleşikleri we ylmy-amaly maslahatlary guramak meselesi hem beýan edildi.

Mejlisiň ahyrynda geňeşiň başlyklygy, nobatdaky mejlisiň geçiriljek ýeri bilen bagly guramaçylyk meselelerine seredildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanyň medeniýet ulgamynda öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini belläp, şu günki mejlisiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler hem-de Arkalaşyga agza döwletleriň arasyndaky dostluk, parahatçylyk we ynsanperwerlik köprüleriniň mundan beýläk hem berkäp, täze mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
07.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary tamamlandy
06.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Iordaniýanyň Patyşasy bilen duşuşygy
06.11
Medeni hyzmatdaşlyk — parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine
06.11
Türkmenistanda teatr sungatynyň halkara festiwaly badalga aldy
06.11
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly V halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylara
05.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
05.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy
05.11
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň sebitara forumy
top-arrow