24.06 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasary B.Abdyýewanyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary K.Çaryýardurdyýewiň, ýurdumyzyň Döwlet habarlar agentliginiň başlygy B.Amansaryýewiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Saryýewanyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
24.06 2020
Daşoguz welaýatynda Türkmenistanyň Medeniýet hepdeligine gabatlanyp geçirilýän çäreler dowam edýär. Neşirýat önümleriniň sergisiniň açylmagy, degişli ylmy-maslahat, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi hem-de sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konsert hepdeligiň üçünji gününiň esasy wakalary boldy.
24.06 2020
Türkmenistanyň gallaçylarynyň gyzgalaňly möwsümi dowam edýär. Ýurdumyzda galla oragynyň depginleri gün-günden güýçlenýär.
24.06 2020
Şu gün — 24-nji iýunda, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda, dabaralaryň geçirilýän pursadynda biz ýene-de parahatçylygy hem-de azatlygy goran ata-babalarymyzyň edermenligini ýatlaýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, şol dabaralara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
23.06 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi.
23.06 2020
Şu gün Daşoguz welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň täsin binagärlik we arheologik ýadygärliklere baryp görmegi göz öňünde tutuldy. Şolaryň ençemesi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
23.06 2020
Wideomaslahat görnüşinde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekilýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew hem-de onuň özbek kärdeşi Ilhomjon Nematow ýolbaşçylyk etdiler.
23.06 2020
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Balkan welaýatynyň Esenguly etrabynyň häkimi Esenow Annaguly Bozoglanowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.
22.06 2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Ahal welaýatynda boldy. Döwlet Baştutanymyz saparynyň çäklerinde welaýatdaky täze senagat toplumlarynyň gurluşyk işleriniň barşy we sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda, seýle hem «Ahalgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň Galla önümleri önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.
22.06 2020
Şu gün Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresi halkymyzyň medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, çuňňur öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir.
1519 sahypa
Soňky habarlar
18.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.09
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXVII maslahatyna gatnaşyjylara
18.09
“Türkmenhimiýa” döwlet konsernine “Tejenkarbamid” zawodynyň netijeli işledilmegini üpjün etmek tabşyryldy
18.09
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň muzeý işini mundan beýläk-de ösdürmek hakynda Karara gol çekdi
18.09
Innowasiýalar — ykdysadyýetiň hereketlendiriji güýji
17.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa