Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Medeniýet hepdeligi — 2020: çärelere badalga berildi
Medeniýet
Medeniýet hepdeligi — 2020: çärelere badalga berildi
Çap edildi 22.06.2020
3521

Şu gün Daşoguz welaýatynyň dolandyryş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli döredijilik çäresi halkymyzyň medeni mirasynyň goralyp saklanylmagyna, çuňňur öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine gönükdirilendir. Her ýylda geçirilýän Medeniýet hepdeligi eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp guralýar hem-de täze zehinleri ýüze çykarmak bilen döredijilik işgärlerini hünär derejesini ýokarlandyrmaga höweslendirýär. Ilkinji gezek bu çäre hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2013-nji ýylda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi. Şol wagtdan bäri Medeniýet hepdeligi umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan türkmenleriň örän baý mirasynyň köpöwüşginliligini açyp görkezýär. Geçen ýyl bu döredijilik çäresi ikinji aýlaw boýunça guralyp başlandy, onda häzirki zaman milli medeniýetiniň aýdyň öwüşginliligi, sungatymyzyň ähli görnüşleri — opera hem-de aýdym-saz, kino we teatr, şekillendiriş hem-de amaly-haşam, edebiýat we folklor, žurnalistika hem-de neşir işleri giňden beýan edilýär. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde bu çäräni guramagyň asylly däbine laýyklykda, onuň çäginde guralýan çäreleriň gerimi ýyl-ýyldan giňelýär, many-mazmun taýdan baýlaşýar. Hepdeligiň çäklerinde guralýan ýaş aýdymçylaryň hem-de sazandalaryň konsertleri, suratkeşlik, neşir önümleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň sergileri, kino görkezilişleri, şygryýet agşamlary, dürli maslahatlar türkmen medeniýetiniň baýlygyny açyp görkezýär. Çäreleriň diňe bir welaýat merkezlerinde däl-de, etraplardaky häzirki zaman oba medeniýet öýlerinde hem geçirilýändigini bellemek gerek, olarda ýaşlaryň sazlaşykly ösmegi, oba ilatynyň mynasyp derejede dynç almagy üçin ähli şertler döredilendir. Geçen ýyl Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Medeniýet hepdeliginiň çäreleriniň guralýan merkezi bolandygyny bellemek bolar, şol ýerde dürli çäreler guraldy hem-de forumy guramak hukugyny Diýarymyzyň demirgazyk sebitine bermek dabarasy boldy, Daşoguz welaýaty alty ýyl geçenden soňra bu hormatly wezipäni ýerine ýetirýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän 2020-nji ýylda bu döredijilik çäresi aýratyn gyzykly we baý many-mazmunly bolar. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow medeni çäreleriň hemişe gyzykly, milli öwüşginli we baý many-mazmunly bolmagyny talap edýär. Häzirki wagtda üstünlikli ösýän medeniýet ulgamy kuwwatly jebisleşdiriji güýje öwrüldi. Watanymyzda bu ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, halkara ynsanperwer gatnaşyklaryň möhüm şerti bolan türkmen halkynyň mirasynyň wagyz edilmegine uly ähmiýet berilýär. Medeniýet hepdeligi — 2020-niň açylyş dabarasy Ruhyýet köşgüniň öňündäki Görogly meýdançasynda geçirildi. Bu künjek diňe bir ýurdumyzyň medeniýet işgärlerine däl-de, daşary ýurtly myhmanlara hem oňat tanyşdyr. Bu ýerde 2014-nji ýylda daşary döwletleriň wekilleriniň gatnaşmagynda şeýle çäräniň açylyşy boldy hem-de Türkmenistanyň we Özbegistanyň halklarynyň arasynda dostluk festiwalynyň çäklerinde baýramçylyk çärelerine badalga berildi hem-de Daşoguz şäheri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň medeni paýtagty hökmünde 2016-njy ýylda GDA-nyň dürli ýurtlarynyň döredijilik işgärleri kabul edildi. Adybir meýdançanyň ýerleşýän ýeri bolan Görogly köçesi şäheriň iň uzyn we gözel ýollarynyň biridir. Onda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň, Ruhyýet köşgüniň, welaýatyň merkezi metjidiniň, okuw-terbiýeçilik toplumynyň ak mermerli binalary, täze iri gök zolak we dürli beýleki desgalar ýerleşýär. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygy barada edýän yzygiderli aladasy netijesinde bu köçäniň günorta-günbatar böleginde saglygy goraýyş ulgamynyň iki iri häzirki zaman merkezi hem-de öz düzümine otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki desgalary alýan täze ýaşaýyş toplumy bina edilýär. Bu gün Görogly meýdançasy toý bezeginde. Milli aýdym-sazlaryň ýaňlanmagy döredijilik ruhuny has-da belende göterýär. Gündogar äheňlerinde gurnalan sergi bölümlerinde türkmenleriň özboluşly däp-dessurlary, halkymyzyň örän baý medeni mirasy, sungaty barada söhbet açýan gymmatlyklar ýerleşdirilipdir. Sergide halk senetçilik önümleriniň, milli lybaslaryň hem-de matalaryň, halylaryň we keçeleriň dürli görnüşleri, küýzegärçilik hem-de zergärçilik önümleri, halk saz gurallary, surat we heýkeltaraşlyk eserleri görkezilýär. Halkymyzyň durmuş däp-dessurlarynyň dürli ugurlaryny beýan edýän bu sergi türkmen şadessanynyň gahrymany Göroglynyň ýadygärliginiň golaýynda gurnalan sahna meýdançasynyň ýanynda ýaýbaňlandyryldy, halk gahrymany asmana uçmaga hyýallanýan ýyndam bedewiň üstünde şekillendirilipdir, munuň özi Watanymyzyň şöhratly geçmişiniň we ajaýyp şu gününiň dowamatlylygyny, medeniýetimiziň üznüksizligini alamatlandyrýar. Aýdyň öwüşginli meýdançadaky baýramçylyk ýörişinde belli teatr artistleri, estrada hem-de halk aýdymçylary, muzeý we kitaphana işgärleri, suratkeşler, şahyrlar, döredijilik toparlary hem-de meşhur folklor we etnografiýa toparlary geçdiler. Dabara hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylary bu çäräniň açylmagy bilen gutlap, olara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, abadan we bagtyýar durmuşy hem-de täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdi hem-de «Daşoguz welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň türkmen sungatynyň, edebiýatynyň gadymy nusgalarynyň hem-de şu günki döwrebap görnüşleriniň özboluşly sazlaşýan, bagtyýar watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine, ruhubelentlige ruhlandyrýan sungat baýramyna öwrüljekdigine berk ynanýaryn» diýip belledi. Bu pikiri asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize çenli ýetirilen hem-de halkymyzyň aýawly saklanylýan däp-dessurlaryny we zehinini açyp görkezýän türkmen sungatynyň köpdürlüligini beýan edýän «Sungatyň gözbaşy» atly edebi taryhy çykyşlar tassyklady. Meşhur hüwdüler, läleler, gopuzyň, tüýdügiň we dutaryň owazlary ýaňlandy, gadymy tanslar ýerine ýetirildi. Çykyşlaryň ahyrynda oňa gatnaşyjylar parahatçylygyň, dostlugyň we Ýer ýüzünde halklaryň doganlygynyň ilçileri hökmünde ak kepderileri asmana uçurdylar. Dabaralar sungat ussatlarynyň, dürli umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan ýaş aýdymçylaryň, meşhur aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Özboluşly sahna bezegleri mähriban topragymyzy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň röwşen geljegini döredýän adamlary wasp edýän çykyşlaryň baý many-mazmuna beslenendigini açyp görkezýär. Konsert maksatnamasyna halk we häzirki zaman aýdym-sazlary, nusgawy sazlar, tanslar girizildi. Daşary ýurt aýdym-sazlarynyň böleklerinden düzülen ajaýyp çykyşlar sungatyň ynsanperwerlik we jebisleşdiriji güýjüni beýan etdi. Ýurdumyzyň medeniýetiniň geljegi bolan ýaşajyk artistleriň çykyşlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Beýik şahyryň we akyldaryň goşgularyna döredilen aýdymlaryň ýaňlanmagy Magtymguly Pyraga goýulýan belent hormatyň nyşany boldy. Halk sazandalary we dessançylar, şeýle hem daşoguzly belli bagşylaryň çykyşlary tomaşaçylaryň ruhuny göterdi. Ýygnananlar «Görogly» şadessanynyň şahalaryndan parçalary uly tolgunma bilen diňlediler. Dessanlaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi Daşoguz welaýatynyň döredijilik işgärleriniň özboluşly aýratynlygydyr, «Görogly» şadessany bolsa 2015-nji ýylyň dekabrynda türkmenleriň dessançylyk sungatynyň aýdyň nusgasy hökmünde ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, munuň özi halkymyzyň aýdym-saz sungatynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň subutnamasydyr. Daşoguzly bagşylaryň dürli dabaralarda we baýramçylyklarda «Görogly» şadessanyndan gazallary ýerine ýetirmegi ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerine, milli mirasymyza sarpamyzy artdyrýar. Bu şadessan ýaş nesli watançylyk, agzybirlik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemek işinde möhüm orun eýeleýär diýip, milli Liderimiz belleýär. Şeýle hem ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen türkmen «Küştdepdi» tansy ussatlyk bilen ýerine ýetirildi, onda milli medeniýetimiziň sazlaşygy we ruhy güýji öz beýanyny tapýar. Özboluşlylygy hem-de ýokary derejesi bilen tapawutlanýan çykyşlaryň ählisinde türkmen halkynyň sazçylyk we tansçylyk sungatynyň ýollaryna aýawly çemeleşmegiň zerurdygy baradaky pikir öňe sürülýär. Daşoguz welaýatynda köpöwüşginli döredijilik çäresine badalga beren konsertiň ahyrynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ony esaslandyryjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy wasp edýän watançylyk aýdymy ýaňlandy. Aýdymçylar we konserte gatnaşyjylaryň ählisi tarapyndan ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirilen bu aýdym çyn ýürekden çykýan duýgularyň, ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň milli Liderimize hoşallygynyň beýany boldy. Günüň ikinji ýarymynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy mynasybetli çäreler şäheriň Dostluk seýilgähinde dowam etdi, bu ýerde şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, şeýle hem muzeý gymmatlyklary görkezildi. Watanymyza bolan beýik söýgi bilen birleşdirilen sergi gymmatlyklarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýetilen sepgitler, ene topragyň ajaýyp gözelligi, türkmen jemgyýetiniň we onuň taryhy mirasynyň ruhy baýlygy beýan edilýär. Sergä gatnaşyjylar medeniýet ulgamynyň ösdürilmegine hemişe üns berýändigi, özlerini täze eserleri döretmäge ruhlandyrýan eziz Diýarymyzda geçirilýän özgertmeler üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Döredijilik çäresiniň birinji güni Görogly meýdançasynda açyk asmanyň astynda belli aýdymçylaryň gatnaşmagynda guralan «Bitarap Watanym — ýürek joşgunym» atly uly baýramçylyk konserti bilen jemlenildi. 23-nji iýunda Medeniýet hepdeligi — 2020-niň çäklerinde çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary guralar, ýazyjy-şahyrlaryň döredijilik agşamy geçiriler, «Beýik Ýüpek ýoly» çeper filminiň görkezilişi bolar. Hepdelige gatnaşyjylar welaýatyň taryhy-medeni ýadygärlikleri bilen hem tanşarlar.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
top-arrow