01.09
2020
Sizi belent maksatlara ruhlandyrýan we uly arzuw-umytlar bilen garşy alynýan Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2020-2021-nji täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde ajaýyp bilimler baýramyna bagyşlanan dabaralaryň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan söýgimiziň aýdyň beýany boljakdygyna berk ynanýaryn!
31.08
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
31.08
2020
Şu gün paýtagtymyzda edara binasy Aşgabatda ýerleşen Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň esaslandyryjy mejlisi geçirildi.
31.08
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň orunbasary Şöhratjan Babakulyýewiç Ismailow Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkiminiň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmekden boşadyldy.
31.08
2020
Astanogly Kullyýewiç Seýidowy Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
30.08
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystan Respublikasynyň güni hem-de Tatar ASSR-nyň döredilmeginiň 100 ýyllyk ýubileýi mynasybetli Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
29.08
2020
Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde ýaş aýdymçylaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.
29.08
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherinden ýaş aýdymçylar gatnaşyp, öz aralarynda bäsleşdiler.
29.08
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.
29.08
2020
Sizi «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň täze belentliklerine göterilen aýdym-saz sungatymyzda size döredijilik üstünliklerini, kalbyňyzdan joşup çykýan ylhamyňyzyň hemişe joşgunly bolmagyny arzuw edýärin!