04.11
2020
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň we BMG-niň “Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary Komissarynyň wideoragatnaşyk görnüşindäki bilelikdäki maslahaty boldy. Ol raýatsyzlygy aradan aýyrmak boýunça ählumumy möwsümini (# Ibelong) durmuşa geçirmegiň nobatdaky senesine bagyşlandy.
03.11
2020
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça 2-nji noýabrda geçirilen ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisinde 2021 — 2023-nji ýyllar üçin bilelikdäki hereketler meýilnamasynyň hem-de Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň ýörite sanawyna türkmen däp-dessurlaryny girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän täze teklipleriniň taslamasyna garaldy.
03.11
2020
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe raýatlaryň melhem suwlary we howasy bilen dünýä belli bolan şypahanalarymyzyň hyzmatyndan netijeli peýdalanmagyny üpjün etmek hem-de olara berilýän ýollanmalaryň bahalaryny kesgitlemek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň şypahanalarynda bejeriş-sagaldyş kömegini almak üçin berilýän ýollanmalaryň bahalary tassyklanyldy.
03.11
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Aleksandr Wan der Bellene Wena şäherinde bolup geçen, terrorçylykly hereketleriň pajygaly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
02.11
2020
Şu gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça müdirliginiň ýolbaşçysy Wladimir Woronkow bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.
02.11
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
02.11
2020
«Ak altynyň» bol hasylyny ösdürip ýetişdiren edermen daýhanlaryň öndürijilikli zähmeti milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň pagta taýýarlamak baradaky öňde goýan beýik maksatlarynyň barha ýakynlaşmagyny şertlendirýär. Şu günler bu wajyp möwsüm tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Ahal we Mary welaýatlarynyň käbir etraplarynyň pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri baradaky hasabatlary öňdebaryjylaryň zähmet depginleriniň ýokarydygyny äşgär edýär.
02.11
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň şypahana ulgamyny has-da ösdürmek, şypahana-bejeriş we sagaldyş-dikeldiş usullarynyň hem-de hyzmatlarynyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze we netijeli görnüşlerini giňden ornaşdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda,
01.11
2020
Şu gün Söwda-senagat edarasy ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde giň möçberli internet-taslama bolan Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň wirtual sergisini gurady. Ol ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlandy.
01.11
2020
Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birliginiň — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 27 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!