10.11
2020
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy tapgyrynyň çäklerinde gurlan durmuş-medeni maksatly iri desgalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.
10.11
2020
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri BMG-niň Interneti dolandyrmak boýunça forumynyň (IGF) her ýyl geçirilýän maslahatynyň çäklerinde şu günler wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirilýän «Parlament tegelek» stoluna gatnaşdylar. Şu ýyl onuň on bäşinji maslahaty boldy.
09.11
2020
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) hem-de Hindistanyň iri Asian News International (ANI) habarlar agentliginiň arasynda habarlary alyşmak hakynda Ähtnama gol çekildi.
08.11
2020
«Rönesans Holding» kompaniýasynyň prezidenti Erman Ylyjagyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda şeýle diýilýär:
08.11
2020
«John Deere» kompaniýasynyň adyndan Sizi we türkmen halkyny Türkmenistanda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli gutlaýaryn.
08.11
2020
Şu gün — ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýän güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow baýramçylyk wideomaslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işleriň käbir netijeleri jemlenildi.
08.11
2020
Şu gün tutuş ýurdumyzda Hasyl toýy mynasybetli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Ol daýhanlaryň gaýratly zähmetiniň netijelerine, bereketli türkmen topragynda ýetişdirilen bol hasyla ählihalk buýsanjynyň özboluşly nyşanydyr. Aşgabadyň atçylyk sport toplumy paýtagtymyzdaky dabaralaryň merkezine öwrüldi, onuň baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançasynda oba hojalygynyň öňdebaryjylaryny hormatlamak dabarasy boldy.
07.11
2020
Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bag ekmek boýunça ählihalk çäresi geçirildi. Eziz Diýarymyzyň giňişliklerinde täze baglyklaryň we seýilgähleriň düýbüni tutmak boýunça giň gerimli çäre ekologiýa abadançylygyny pugtalandyrmaga, türkmen topragynyň ähli künjeklerini ajaýyp ýaşyl lybas bilen bezemäge gönükdirilendir.
07.11
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.
06.11
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygynyň hormatyna Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman «Bagabat» şypahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Şypahana toplumy bilen bir hatarda, oňa barýan döwrebap ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmegi we onuň ugrunda belent başly «Saglyk» binasynyň oturdylmagy mynasybetli guralan dabaralar eziz Diýarymyzyň her bir gününiň belent sepgitlere, ajaýyp ýeňişlere beslenýändigini görkezýän taryhy waka öwrüldi.