24.11
2020
Daşary işler ministrliginde Malaýziýanyň daşary işler ministri Şri Hişamuddin Tun Husseýn bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi.
24.11
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däp-dessurlaryna eýerip hem-de Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020-2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerini, azyk, dokma we hojalyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsyz bermek tabşyryldy.
23.11
2020
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň sekizinji mejlisinde giň gerimli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek esasy ara alnyp maslahatlaşylan mesele boldy.
23.11
2020
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şamuhammet Durdylyýewiň ýürek keseli bilen bagly hassahana ýerleşendigi sebäpli, onuň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýramgeldi Orazgeldiýewiç Öwezowyň üstüne ýüklenildi.
22.11
2020
Şu gün Suw hojalygy baradaky döwlet komitetinde onlaýn maslahat görnüşinde Türkmenistanyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky Suw hojalyk meseleleri boýunça utgaşdyryjy toparyň dördünji mejlisi geçirildi.
22.11
2020
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.
20.11
2020
19-njy noýabrda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky Merkezi daşary ýurtly bilermenleriň türkmen KHBS-niň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ençemesiniň wekilleri üçin täze onlýan-duşuşyk gurady.
20.11
2020
«Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygynyň Hazar sebitinde ulag-logistika ulgamynda durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti» şygary bilen 2020-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullugynyň (Astrahan ş.) we Astrahan oblastynyň Halkara gatnaşyklary agentliginiň ýardam bermeginde Halkara tegelek stoly geçirildi. Çärä döwlet edaralarynyň, telekeçilik düzümleriniň, bilermenleriň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, şeýle hem Türkmenistanyň we Astrahan oblastynyň KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.
20.11
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk böleginde, Çoganly şäherçesinde bina edilen täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Häzirki wagtda bu ýerde döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze şäher zolagyny döretmek işleri dowam edýär.
20.11
2020
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen,Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-koreý toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.