Syýasy habarlar
Resmi habar
Çap edildi 24.11.2020
822

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, türkmen halkynyň gadymdan gelýän goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däp-dessurlaryna eýerip hem-de Türkmenistan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasyna 2020-2022-nji ýyllarda ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramy mynasybetli goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Dokma senagaty ministrligine hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdelerini, azyk, dokma we hojalyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystan Yslam Respublikasyna muzdsyz bermek tabşyryldy. Degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary ynsanperwerlik kömegi hökmünde beriljek degişli derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri, azyk, dokma we hojalyk önümlerini taýýarlamakda, olary ibermekde hem-de guramaçylykly gowşurmakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýardam bermäge borçly edildi.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow