02.12
2020
Şu gün Mejlisiň wekilleri Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) parlament komitetiniň onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar. Wideoduşuşygyň baş mowzugy emeli intellekti (EI) ösdürmegiň we ulanmagyň kanunçylyk binýatlaryny emele getirmek boldy.
02.12
2020
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň öň ýanynda ýurdumyzyň dürli sebitlerinde şanly senä gabatlanyp, täze desgalaryň açylyş dabaralary geçirilýär.
02.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda geçirilýän halkara serginiň çäklerinde wajyp resminamalaryň birnäçesine gol çekmek dabarasy boldy.
02.12
2020
Şu gün Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýolbaşçylary bilen TÜRKSOÝ halkara guramasynyň baş direktory Dýusen Kaseinowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga häzirki zaman kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly türki dilli döwletleriň köp sanly artistleri gatnaşdylar.
01.12
2020
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
01.12
2020
Şu gün paýtagtymyzda “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara onlaýn maslahat geçirildi. Maslahaty hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça “Türkmengaz” hem-de “Türkmennebit” döwlet konsernleri guradylar.
01.12
2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenistanyň halkara şertnamalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda:
01.12
2020
Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergi açyldy.
30.11
2020
Sizi «Türkmenistan - Bitaraplygyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçirilýän Türkmenistanyň hoşniýetli energetika diplomatiýasyna bagyşlanan «Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir» atly halkara onlaýn maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
30.11
2020
Sizi Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli halkara sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Eziz Diýarymyzda parahatçylygyň hem-de asudalygyň kepili bolan hemişelik Bitaraplygymyza bagyşlanan bu serginiň uly üstünliklere beslenmegini arzuw edýärin!