Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen
Syýasy habarlar
Milli Liderimiziň amala aşyrýan «Açyk gapylar» syýasatynyň ugry bilen
Çap edildi 02.12.2020
950

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyk Şu gün Mejlisiň wekilleri Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasynyň (YHÖG) parlament komitetiniň onlaýn duşuşygyna gatnaşdylar. Wideoduşuşygyň baş mowzugy emeli intellekti (EI) ösdürmegiň we ulanmagyň kanunçylyk binýatlaryny emele getirmek boldy. Bu çärä Ýewropa parlament barlaglary gullugy hem-de ylmyň we tehnologiýalaryň geljeginiň meseleleri boýunça Ýewropa parlamenti bilen hyzmatdaşlykda EI ulgamlaryny işläp düzmek boýunça toparyň wekilleri, birnäçe döwletleriň parlamentleriniň wekiliýetleri gatnaşdylar. Onlaýn maslahatyň dowamynda YHÖG-niň ählumumy parlament platformasynyň çäklerinde hereket etmek, ýurtlaryň parlamentleriniň emeli intellekt we öňdebaryjy sanly tehnologiýalar ulgamyndaky başlangyçlary ara alnyp maslahatlaşyldy. EI-niň hukuk binýadynyň kanunçylygynyň adam hukuklaryny we demokratik gymmatlyklary hasaba almak bilen işlenip düzülmelidigi bellenildi. Türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary esasynda ykdysadyýeti we döwlet durmuşynyň beýleki ulgamlaryny sanlylaşdyrmagy ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, häzirki zaman ylmynyň öňdebaryjy gazananlaryny ornaşdyrmaga uly üns berilýär diýip nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, umumy ülňüleriň, şol sanda EI ulgamynyň ygtybarlylygyny, howpsuzlygyny kepillendirýän ülňüleriň ulanylmagy belli bir ähmiýete eýe bolýar. Biziň ýurdumyz emeli intellektiň ýörelgeleriniň wajypdygyndan ugur alýar, ol ählumumy maksatlara, şol sanda durnukly durmuş-ykdysady we ekologiýa ösüşine, adamlaryň abadançylygyna hyzmat etmelidir. Onlaýn mejlisde emeli intellekt boýunça ählumumy parlament ulgamyny döretmegiň mümkinçilikleri, COVID-19-yň tehnologiýa gatnaşyklaryna täsiri we beýlekiler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
14.09
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 531 müň dollaryndan gowrak boldy
13.09
Bedew bady — ösüşlere badalga Arkadag şäherinde ýokary derejedäki halkara mejlis geçirildi
13.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
top-arrow