Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde 89-njy mejlisi geçirildi. Oňa türkmen wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine GDA agza ýurtlaryň netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dürli ulgamlaryny, şol sanda koronawirus ýokanjynyň oňaýsyz netijelerini peseltmek bilen baglanyşykly ugurlaryny öz gerimine alýan meseleler girizildi.
Şu gün Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hem-de Beýik Britaniýanyň “JCB Sales Limited” kompaniýasynyň arasynda Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň meseleleri hakynda” Karara gol çekdi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, welaýatlaryň häkimliklerine 2021-nji ýylda 2100 tonna, şol sanda Ahal welaýatynda 155 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Daşoguz welaýatynda 500 tonna, Lebap welaýatynda 1010 tonna, Mary welaýatynda 410 tonna çig pile öndürmegi üpjün etmek tabşyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, şeýle hem käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleri girizildi.
Şu gün Mejlisde Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň gatnaşmagynda onlaýn görnüşde duşuşyk geçirildi. Onda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine geldi. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde türkmen türgeni Ýulduz Jumabaýewanyň 2018-nji ýylyň noýabr aýynda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda eýe bolan ýokary sylagyny gowşurmak mynasybetli guralan dabara gatnaşdy. Ýurdumyzda guralan we ýokary derejede geçirilen bu iri ýaryş Watanymyzyň halkara sport merkezi hökmündäki abraýyny berkitdi. Şeýle hem milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan bedenterbiýäni we sporty ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn strategiýanyň uly üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.
Şu gün degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri awiasiýa we syýahatçylyk ugurlary boýunça özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň meseleleri boýunça Aziýanyň Ösüş bankynyň (AÖB) wekilleri bilen onlaýn maslahata gatnaşdylar. Maslahat “Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlyk” (MASYH) Maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça işler meýilnama laýyklykda dowam edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna agzalyga bellige alnan dalaşgärler saýlawçylar — welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen duşuşyk ýygnaklaryna başladylar.
B.G.Mätiýewi Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglamak hakynda