Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti Mejlisiň Başlygynyň ýolbaşçylygynda “Parahatçylygy, ynanyşmagy hem-de howpsuzlygy pugtalandyrmakda zenanlaryň orny” atly Merkezi Aziýa forumyna gatnaşdy. Duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guraldy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen çärä ÝHHG-niň başlygy hem-de Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde, ÝHHG-niň Baş sekretary Helga Şmid, daşary ýurtlaryň parlamentleriniň we halkara düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky bölümleriň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Öwezow Baýramgeldi Orazgeldiýewiçe berk käýinç yglan edildi.
Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň futbolçylary 2022-nji ýylyň dünýä çempionatyna galan saýlama oýunlarynyň üçüsini Koreýa Respublikasynda geçirerler. Aziýa futbol konfederasiýasy şeýle karar kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi.
Şu gün sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 13-nji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek baradaky toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmaga birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.
2021-nji ýylyň 4-nji martynda “COVID-19-dan soňky döwürde Sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” diýen at bilen geçirilen YHG-nyň XIV Sammitine gatnaşandygyňyz üçin Siziň Alyhezretiňize tüýs ýürekden hoşallyk bildirmek mende örän uly kanagatlanma döredýär. Men sammitiň dowamynda Siziň Alyhezretiňiz tarapyndan beýan edilen pikirlere we möhüm teswirlemelere ýokary baha berýärin. YHG öz geljekki işlerinde şolardan ugur alar diýip pikir edýärin.
Siziň Alyhezretiňize, Türkmenistanyň Hökümetine hem-de dostlukly halkyna tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymyzy we iň oňat arzuwlarymyzy kanagatlanma bilen beýan edýäris!
Türkmenistanyň Mejlisi «Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnamany tassyklamak hakynda», «Bilim ulgamynda hukuk kemsitmelerine garşy göreşmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Iş üpjünçilik syýasaty hakyndaky 122-nji Konwensiýany tassyklamak hakynda», «Patent hukugy hakyndaky Şertnama goşulmak hakynda», «Medeni taýdan özüňi görkezmegiň dürlüligini goramak we höweslendirmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda», «Merkezi Aziýa sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk institutyny esaslandyrmak hakyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda» kararlary kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.