Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:
Şu gün paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Ilki bilen, ýokary derejedäki şu duşuşygy gurandygy we oňa Türkmenistany çagyrandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti hormatly Rejep Taýyp Ärdogana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin.
Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak maksady bilen, Stambulda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşyk geçirdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Stambul şäherinde geçirilýän Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmagynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen duşuşdy.
Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy. Şol kadalaşdyryjy hukuk namalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ugurly syýasatynyň hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça toplumlaýyn maksatnamanyň esasy ugurlaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň işine gatnaşmaga köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem çagyryldy.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen milli taryhy-medeni mirasymyzy içgin öwrenmek we gorap saklamak maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onuň çäklerinde taryhyň heniz açylmadyk sahypalaryny ýüze çykarmak boýunça yzygiderli işler dowam etdirilýär we olar öz oňyn netijelerini berýär.