Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Gresiýa Respublikasynyň Prezidenti hanym Katerina Sakellaropula we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Gresiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Finlýandiýanyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamýo Niýnistýo we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Finlýandiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Portugaliýa Respublikasynyň Prezidenti Marselo Rebelo de Souza we ýurduň ähli halkyna milli baýram—Portugaliýanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Geçen aýyň köp sanly halkara derejedäki çäreleri — syýasy geňeşmeler, işewür gepleşikler, forumlardyr sergiler ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmak üçin meýdança bolmak bilen, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bu ugurda alyp baran işlerini aýdyňlygy bilen açyp görkezdi.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy.
Sizi uly zähmet ýeňşiňiz — pile taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamaňyzy ýerine ýetirip, Watanymyzyň pile harmanyna 2300 tonnadan gowrak pile tabşyrmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Italiýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradow bilen sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe çözgütler kabul edildi.