Ýurdumyzyň Daşary işler ministrligi tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» atly ylmy-tejribe žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Žurnalyň sahypalarynda ýerleşdirilen makalalarda giň okyjylar köpçüligi ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyrylýar.
Žurnalyň bu gezekki sany hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 23-nji aprelinde geçirilen Aziýa — Ýuwaş umman Suw sammitindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň çakylygy boýunça bu ýokary derejeli foruma sanly ulgam arkaly gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşynda belleýşi ýaly, biziň ýurdumyz suw meseleleri boýunça dünýä bileleşigi, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen BMG-niň 2012-nji ýyldaky “Rio+20” maslahatynda, 2015-nji ýylda Koreýa Respublikasynyň Tegu şäherinde geçirilen VII Bütindünýä suw forumynda, 2018-nji ýylda guralan ýokary derejeli Duşenbe halkara maslahatynda hem-de beýleki möhüm forumlarda kabul edilen maksatnamalaýyn resminamalar esasynda yzygiderli hyzmatdaşlyk edýär. Şol forumlarda türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary anyk häsiýete eýe bolup, munuň özi sebitiň ösüşiniň hem-de hyzmatdaşlygyň maksatlary bilen baglanyşyklydyr.
Döwlet Baştutanymyz suw-energetika meseleleri boýunça Türkmenistanyň üýtgewsiz hem-de yzygiderli eýeleýän ornuny tassyklap, şol meseleleriň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, her bir ýurduň bähbidini hasaba almak bilen, halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň işjeň gatnaşmagynda çözülmelidigini belledi. Şunda bu ýörelgeleriň köptaraplaýyn häsiýete eýe bolmalydygy, umuman, dünýä bileleşiginiň suw meselelerine çemeleşmelerinde ulanylmalydygy nygtaldy. Şeýle-de žurnalda şu ýylyň 1-2-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajyny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna amala aşyran sapary baradaky makala ýerleşdirilipdir. Döwlet Baştutanymyzyň ähli musulmanlar üçin keramatly ýerler saýylýan Mekge we Medine şäherlerine zyýaraty türkmen halkynyň asylly ruhy ýörelgeleriniň, üýtgewsiz milli gymmatlyklarynyň dowamatlylygynyň ýene bir aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Garaşsyz, Bitarap Watanymyz hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda oňyn daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Bu bolsa özüniň guwandyryjy netijelerini berýär. Žurnalda ýerleşdirilen makalalar toplumy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Şoňa görä-de, birnäçe makalalar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna we Eýran Yslam Respublikasyna bolan resmi saparlaryna, şeýle-de Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyna bagyşlanandyr. Saparlaryň dowamynda gazanylan ylalaşyklar hem-de gol çekilen resminamalar toplumlary Moskwada, Tähranda, Daşkentde geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň, şeýle hem döwlet we işewürler düzümleri derejesinde guralan ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijeli häsiýetiniň subutnamasydyr. Şol resminamalar biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, giň ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekde-de hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ýardam berer.
Žurnalda ýerleşdirilen makalalaryň biri hormatly Prezidentimiziň öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, iýul aýynda Aşgabada sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşygyna bagyşlanypdyr. Onuň dowamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy. Soňky ýyllarda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar bu hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýady emele getirdi. Gruziýanyň Premýer-ministriniň saparynyň çäklerinde iki ýurduň wekiliýetleriniň arasynda hem gepleşikler geçirildi. Olaryň jemleri boýunça döwletara hyzmatdaşlyga täze itergi berjek resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Türkmenistan gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ösdürilýän gatnaşyklara ygrarly bolup, bar bolan mümkinçilikler esasynda netijeli hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde has-da giňeldýär. Munuň özi biziň ýurdumyzyň Hazar sebitinde hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň we öňdäki orunlary eýeleýändiginde-de öz beýanyny tapýar. Ýeri gelende bellesek, 29-njy iýunda Aşgabatda altynjy Hazar sammiti geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri türkmen paýtagtyna geldiler. Bu möhüm waka bagyşlanan makalada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy getirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň çykyşy Hazar meseleleriniň tutuş toplumyny öz içine alyp, onda uzak geljegi nazarlaýan bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary boýunça birnäçe teklipler beýan edildi. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň çykyşlarynda taraplaryň sebitde netijeli hyzmatdaşlygy, gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini dowam etdirmäge, umumyhazar gün tertibiniň ileri tutulýan wezipelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge taýýardygy hem tassyklanyldy. Aşgabat sammitiniň jemleri kabul edilen degişli Beýanatda öz beýanyny tapdy.
Türkmenistan sebit we sebitara hyzmatdaşlyk meselelerine oýlanyşykly, yzygiderli çemeleşmäniň nusgasyny görkezip, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen oňyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine uly üns berýär. Bu ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny dost-doganlyk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Beýleki bir makalada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 21-nji iýulda Gyrgyzystanyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygyna gatnaşandygy barada gürrüň berilýär.
Döwlet Baştutanymyz iş saparynyň çäklerinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy. Iki ýurduň Hökümet wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirilen gepleşikleriň barşynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek babatda türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygynyň giň meseleler toplumy, bar bolan mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Makalada bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsultatiw duşuşykdaky çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň doly derejeli sebit hyzmatdaşlygyna taýýardygyny tassyklap, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, söwda-ykdysady, maýa goýum, medeni gatnaşyklary giňeltmek meselelerini möhüm ugurlaryň hatarynda kesgitledi. Häzirki wagtda ählumumy syýasatda we ykdysadyýetde äşgär duýulýan çökgünlik ýagdaýlary bilen baglylykda, medeni gatnaşyklar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa ýurtlary bu ugurlar boýunça görelde görkezmelidirler hem-de şeýle taglymlary dünýä giňişliginde işjeň öňe sürmelidirler diýip, döwlet Baştutanymyz nygtaýar.
“Aşgabat formaty” — parlamentara hyzmatdaşlygyň täze görnüşi” ady bilen çap edilen makala şu ýylyň ikinji çärýeginiň uly ähmiýetli iki wakasyna — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen türkmen paýtagtynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna bagyşlanypdyr. Möhüm ähmiýetli köptaraplaýyn duşuşyklar şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygyň netijeliligini hem-de uly mümkinçiliklerini açyp görkezdi. Duşuşyklaryň şeýle görnüşi häzirki zaman dünýäsinde aýratyn ähmiýete eýedir. Makalada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň netijeleriniň gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarda, şeýle-de Aşgabat Jarnamasynda öz beýanyny tapandygy bellenilýär.
Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň jemleri boýunça hem degişli Jarnama kabul edildi. Mundan başga-da, duşuşygyň çäklerinde Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Russiýanyň zenanlarynyň dialogynyň 2022-nji ýyl üçin işiniň Düzgünnamasyna we Meýilnamasyna gol çekildi.
Türkmenistan üçin dostlukly ýurtlar hasaplanýan Özbegistan Respublikasynyň, Saud Arabystany Patyşalygynyň, Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna, şeýle-de altynjy Hazar sammitine, Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli bitaraplyk syýasatyna, parlamentara hyzmatdaşlyga, jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň eýeleýän ornuna bagyşlanyp, žurnalda çap edilen, daşary döwletleriň we ýurdumyzyň awtorlarynyň makalalary hem okyjylar üçin gyzykly bolar.
“Diplomatik durmuşyň senenamasy” atly makalalar toplumynda 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginiň wakalary wagt yzygiderliliginde beýan edilýär. Olaryň hatarynda ikitaraplaýyn, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşyklar, gepleşikler, daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeler, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň iri sebit we halkara guramalar tarapyndan geçirilen forumlara gatnaşandyklary baradaky makalalar bar. Žurnalyň nobatdaky sany degişli resminamalar toplumy bilen jemlenýär.
Umuman, türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän žurnalyň nobatdaky sanynyň mazmuny hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ileri tutulýan wezipelerini we esasy maksatlaryny açyp görkezýär.