Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe welaýatlarda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan we mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak, agrotehniki çäreleri ýokary hilli geçirmek arkaly pagtanyň öndürilýän möçberini has-da artdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimliklerine:
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministr Narendra Modä hem-de ýurduň ähli halkyna Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň töwerekleri boýunça iş saparyny amala aşyrmagyň barşynda Garagum derýasynyň hem-de beýleki akabalaryň suwuny rejeli peýdalanmak, derýanyň kadaly akymyny üpjün etmek, onuň kenarlaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berdi.
Şu gün hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, “Çoganly” ýaşaýyş toplumyndaky Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky kottejler toplumynyň nobatdaky tapgyrynyň açylyş dabarasy geçirildi. Munuň özi häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýän täze şäher düzümini döretmek işiniň dowam etdirilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.
Merdan Orazmuhammedowy Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Ballyýew Bally Atamyradowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
Ylýas Baýramowiç Öwezowy Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesine bellemeli.
Allakulyýew Söhbedi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri» diýlip atlandyrylýan ösüşiň häzirki tapgyrynda mähriban halkymyz baradaky hemmetaraplaýyn alada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Sizi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhyndaky möhüm waka — halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.