Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hatlar
Çap edildi 24.01.2023
2044

Türkmen halkynyň Milli Lideri,

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy

Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Sizi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň taryhyndaky möhüm waka — halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy — Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny esasda ykrar edilmegiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Biz Özbegistanda Türkmenistanyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyndaky bu örän uly taryhy wakany garaşsyz dünýewi döwletiň kemala gelmeginde, pugtalanmagynda, ýurduň jemgyýetçilik-syýasy, ykdysady ösüşini üpjün etmekde Siziň görnükli şahsyýetiňiziň hem-de beýik hyzmatyňyzyň ýokary ykrarnamasy hökmünde kabul edýäris. Şol bir wagtda-da Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň ýurduň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmekde, Siziň başyny başlan, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan ulgamlaýyn maksatnamalaryňyzy hem-de strategiýalaryňyzy, şeýle hem häzirki giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmekde eýeleýän möhüm ornuny we hyzmatlaryny aýratyn nygtamak zerurdyr.

Halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Halk Maslahatynyň işi parasatly türkmen halkynyň döwletliliginiň asyrlaryň dowamynda kemala gelen baý däpleriniň ýurdy dolandyrmagyň häzirki zaman usullary bilen sazlaşyklydygyny aýdyň tassyklaýar.

Türkmenistanda ornaşdyrylýan täze ulgamyň ýurduň we halkyň bähbidine uly durmuş, iş tejribesine eýe bolan döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleriniň güýç-kuwwatyny, ruhy, aň-paýhas kuwwatyny has doly ulanmaga giň mümkinçilikleri açjakdygyna ynanýaryn.

Döwleti dolandyryş ulgamynda Siziň ýurduňyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn bellemek isleýärin. Çünki bu özgertmeler durnukly ösüş depginlerini artdyrmagyň, doganlyk türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmagyň, Siziň ajaýyp ýurduňyz Türkmenistanda parahatçylygy hem-de asudalygy pugtalandyrmagyň belent maksatlaryna hyzmat edýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi bu örän jogapkärli we hormatly wezipä bellenilmegiňiz bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn hem-de aramyzdaky belent hormat goýmagyň, ynanyşmagyň hakyky doganlyk gatnaşyklarynyň özbek-türkmen strategik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze, has ýokary derejä çykarmaga ýardam etjekdigine ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny hem-de ýurduňyzyň we halkyňyzyň bähbidine alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Şawkat Mirziýoýew,

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan 

Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Türkmenistanyň rowaçlygyna we abadançylygyna gönükdirilen netijeli işleriňiz çuňňur hormata mynasypdyr. Siziň türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegiňiz munuň aýdyň subutnamasydyr. Siziň Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde alyp barjak işiňiziň halkyňyzyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga, parlamentara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, Bitarap türkmen döwletiniň sebitdäki we dünýädäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine pugta ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, köptaraply işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin hem-de Garaşsyz, Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygymyzyň dowam etdirilmegine umyt edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Sergeý Lebedew,

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary.

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
Paýtagtymyzda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi öz işine başlady
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady
22.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna doglan güni mynasybetli gutlag hatlar gelip gowuşýar
top-arrow