Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynyň baş baýragy ugrunda finalda «Galkan» (Türkmenistan) we «ADIHIC-Kazan» (Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy) toparlary bäsleşerler. 3-nji orun ugrunda oýunda «Feniks» (Özbegistan) we «Volat» (Belarus Respublikasy) duşuşar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän «Açyk gapylar» syýasatyna laýyklykda, ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan alnyp barlan işlere syn bermek bilen, şu ýylyň mart aýynda yzygiderli geçirilen duşuşyklaryň, gepleşikleriň, maslahatlaryň ählumumy abadançylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem-de pugtalandyrmakda Garaşsyz Türkmenistanyň eýeleýän işjeň ornuny nobatdaky gezek açyp görkezendigini bellemek gerek.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Angola Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Auguştu da Silwa Kunýadan ynanç hatyny kabul etdi.
Mukaddes Oraza baýramy mynasybetli Size mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Aşgabatda şaýbaly hokkeý boýunça dowam edýän halkara ýaryşda şu gün dördünji tapgyryň duşuşyklary tamamlandy. Gyşky oýunlar sport toplumynyň meýdançasynda günüň ikinji ýarymynda «A» toparçada «Oman Nationals» (Oman) we «Ice Box Iran Mall» (Eýran) toparlarynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň «Galkan» toparynyň hokkeýçileri Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşda ilkinji bolup finala çykdylar, onuň baş baýragy ugrunda Aziýanyň we Ýewropanyň iki toparça bölünen 10 topary bäsleşýärler.
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy.
Şu gün biz Garaşsyz Watanymyzyň durmuşynda nobatdaky möhüm wakalaryň şaýady bolýarys. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşýarys.
Şu gün Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň ýolbaşçylary, il sylagly ýaşulular, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mary şäheriniň Mary — Aşgabat awtomobil ýolunyň ugrunda gurulýan kottejler toplumynyň birinji tapgyrynyň açylyş dabarasy bolup, ähli amatlyklary bolan iki gatly, kottej görnüşli ýaşaýyş jaýlarynyň 59-sy ulanmaga berildi. Ýakyn geljekde olaryň jemi 200-sini gurmak meýilleşdirilýär.