01.06
2015
Ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Wengriýanyň Hökümetiniň arasynda gol çekilen Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen–wenger toparynyň Türkmen bölegi döredildi we düzümi tassyklanyldy.
01.06
2015
Aziýanyň Olimpiýa GeňeşiniňAşgabatda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi ýurdumyzda täze sport federasiýalarynyň açylmagyny şertlendirdi. Ine, ýakynda Türkmenistanyň Bilýard sporty federasiýasy resmi taýdan bellige alyndy. Dessine hem ýurdumyzyň ilkinji çempionaty geçirildi.
01.06
2015
Aşgabat, 1-nji iýun (TDH). Hormatly Prezidentimiziň Aşgabatdaky Döwletliler köşgüniň gaznasynyň hasabyna geçiren haýyr-sahawat serişdesi hoşniýetli erkiň, ynsanperwerligiň we rehimdarlygyň ýene-de bir çäresi, ösüp gelýän nesil hakdaky atalyk aladanyň subutnamasy boldy.
31.05
2015
Şu Kanun Türkmenistanyň raýatlarynyň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, Türkmenistanda bedenterbiýe we sport babatda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we bu işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär.
31.05
2015
Bangalor, 31-nji maý /TDH/. Şu gün Hindistanyň Bangalor şäherinde jiu-jitsu söweş sungaty boýunça Merkezi we Günorta Aziýa çempionaty tamamlandy. Şonda türkmenistanlylar medallaryň 14-sini /!/—sekiz altyn, iki kümüş we dört bürünç medal gazanyp, ýokary sport ussatlygyny görkezdiler.
31.05
2015
Bangladeş döwletiniň paýtagty Dakka şäherinde geçirilen erkekleriň arasynda woleýbol boýunça Aziýanyň /Merkezi zolak/ zonal çempionaty Türkmenistanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Altyn medaldan we kubokdan başga-da, watandaşlarymyz şu ýylyň 25-nji iýulyndan 5-nji awgusty aralygynda Eýran Yslam Respublikasynda geçirilek Aziýa çempionatynyň final tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.
31.05
2015
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.
31.05
2015
Aşgabat, 30-njy maý (TDH). Şu gün ýurdumyzda giňden bellenýän umumymilli baýramçylyga bagyşlanan “Türkmen halysy - türkmeniň kalby” atly halkara sergisiniň açylyş dabarasy boldy. Ýurdumyzdaky bu uly pudaklaýyn çäre “Türkmenhaly” döwlet birleşigi hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan bilelikde guraldy.
29.05
2015
Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Abdul Maligi kabul etdi, ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
29.05
2015
Aşgabat, 29-njy maý (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Içeri işler ministrliginiň ýolbaşçylar düzüminden her ýylyň 29-njy maýynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi.