26.10
2016
Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
26.10
2016
Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynda uly sarpalanýan ussat Şükür bagşy hakynda gürrüň berýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly rus dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.
26.10
2016
Türkmen halky bilen bilelikde mukaddes garaşsyzlygyň 25 ýyllyk şanly toýuny köpsanly dostlarymyz hem dabara bilen belleýärler.
26.10
2016
Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan döwlet konserti geçirildi. Sungat ussatlarynyň guran bu baýramçylyk konsertine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
26.10
2016
Biziň ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň uzakmöhletleýin maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ägirt uly tehnologiýa ösüşini amala aşyrdy. Bu maksatnamada innowasiýalaryň, ýokary tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna, ähli ulgamlaryň kompýuterleşdirilmegine hem-de dünýäniň iň gowy tejribesini, şol sanda aragatnaşyk ulgamynda gazanylanlaryň özleşdirilmegine aýratyn üns berilýär.
26.10
2016
Şu günler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllyk şanly senesi mynasybetli köpsanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hususan-da, gutlaglarda milli Liderimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly, hemmetaraplaýyn ösýän döwletleriň birine öwrülendigi we syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda ägirt uly üstünliklere eýe bolandygy nygtalýar.
26.10
2016
Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza gelen Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy, “Faýsal” kompaniýasynyň baştutany şeýh Faýsal bin Naser Al-Tanini kabul etdi.
26.10
2016
Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Fransiýanyň belli “Sifal” kompaniýasynyň baştutany jenap Žil Remini kabul etdi.
26.10
2016
Aşgabat,26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň “John Deere” kompaniýasynyň düzüm bölüminiň baştutany Markwart fon Pentsi kabul etdi.
26.10
2016
Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Renaissanсe Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.