Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň “Renaissanсe Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň “Renaissanсe Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 26.10.2016
1301

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň “Renaissanсe Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi. Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk şanly senesi bilen gutlady hem-de tutuş türkmen halkyna bagt, abadançylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw etdi. Erman Ylyjak soňky ýyllarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelere we gazanylan durmuş-ykdysady taýdan ösüşe, onuň halkara derejesindäki abraýynyň artýandygyna ýokary baha berip, şu ýyllaryň dowamynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilýändigine buýsanýandygyny aýtdy hem-de ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etmäge gyzyklanma bildirýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, daşary ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň işewür toparlarynyň milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn berkidilmegine, türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylnmagyna gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine goşýan goşantlaryny kanagatalanma bilen belledi. Hyzmatdaşlar bilen ýola goýulýan gatnaşyklar dürli pudaklardaky iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde täze many-mazmuna eýe bolýar. Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz hem-de myhman birek-birege ynanyşmak we özara bähbitli esasda ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bäsdeşlige ukyply täzeçil ykdysadyýetiň döredilmegi dünýäniň häzirkizaman gazananlarynyň we öňdebaryjy tehnologik işläp taýýarlamalaryň giňden ornaşdyrylmagyny nazarlaýar. Türkiýäniň kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ahal welaýatynyň çäginde gurulýan tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň gurluşygynyň barşy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gazy gaýtadan işleýän kärhananyň gurluşygynyň möhümdigi barada aýdyp, bu giň möçberli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň kuwwatyny artdyrmakda, milli ykdysadyýetimiziň bu düzüminiň işini ösdürmekde möhüm ädime öwrüljekdigini belledi. Myhman bildirilen ýokary ynam üçin hoşallyk bildirip, “Renaissanсe Holding” kompaniýasynyň döredilýän şertlerden netijeli peýdalanyp, milli Liderimiziň täze taryhy eýýamda öňe sürýän we Türkmenistanyň häzirki döwürde ýeten derejesini alamatlandyrýan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşjakdygyna ynandyrdy.

Soňky habarlar
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
13.06
Ýokary hünärli ýaşlar bilen serkerdeler düzüminiň hatary artýar
13.06
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna
12.06
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
12.06
Türkmenistanyň Prezidenti Kararlara gol çekdi
12.06
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda
12.06
Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi
12.06
Ylymly ýaşlar — Watanymyzyň geljegini gurujylar
12.06
Diýarymyzda Ylymlar güni bellenildi
top-arrow