14.03 2017
Dohada Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi açyldy. Ol sergi katar hyzmatdaşlaryna döwrebaplaşdyrylan ýokary tehnologiýaly senagata, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürip bilýän gaýtadan işleýän pudaklaryň döwrebap düzümlerine daýanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda ýurdumyzyň ägirt uly gazananlary barada düşünje almaga mümkinçilik berdi.
14.03 2017
Sport ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek Türkmenistan üçin 2017-nji ýylda Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul edýändigini nazara alanyňda möhüm bolup durýar diýlip, Dohada ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynda bellenildi.
14.03 2017
Şu gün Dohada açylýan türkme-katar işewürlik maslahatynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylar, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda özara hereket etmek üçin geljegi uly taslamalar görkeziler.
14.03 2017
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi katar işewürlerine öz kompaniýalarynyň üstünliklerini hem-de maýa goýum taslamalaryny görkezdiler. Dohada geçen ikitaraplaýyn işewürlik maslahatynyň çäklerinde, şol sanda 16 müňden gowrag agzasy bolan TSTB-niň ulgamynda ykdysady özara gatnaşyk etmegiň usasy ugurlary beýan edildi.
13.03 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary, möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
13.03 2017
Aşgabadyň Halkara newrologiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Simens A.G.” kompaniýasynyň öndürýän lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda we bejermekde netijeli ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy-usulyýet maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilýän bu maslahat iki gün dowam eder.
13.03 2017
Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň çäkerinde Türkmenistanyň ýygyndy topary Belarusda sport tanslary boýunça türgenleşikleri geçdi.
11.03 2017
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy.
11.03 2017
“Türkmenatlary” Döwlet birleşiginde ýurdumyzyň atçylygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we ahalteke bedewlerini dünýä ýüzünde giňden wagyz etmegiň möhüm wezipelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi. Oňa pudagyň ýolbaşçylary, öňdebaryjy hünärmenleri, belli atşynaslar, çapyksuwarlar we ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary gatnaşdylar.
11.03 2017
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.
1527 sahypa
Soňky habarlar
05.10
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
04.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
03.10
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär