09.04
2017
Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen dabaralar “Azada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň bäbidine halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahaty deňizýaka sebitde köpsanly daşary ýurtly wekiliýetleri we dürli ýurtlardan hormatly myhmanlary jemledi.
09.04
2017
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasyny seçip almaga, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen “Aziada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport (yzmatdaşlygy” atly halkara çäräniň jemlerine bagyşlanan maslahat geçirildi.
09.04
2017
“Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň çäklerinde Aziada-2017-niň nyşany iň beýik dag depelerine hem-de Türkmenistanyň her welaýatyndaky ýurdumyz üçin iň ähmiýetli gözel ýerlerine çykarylýar. Bu watançylyk ruhuna beslenen çäre Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçjek, Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleriniň gatnaşmaly giň göwrümli ýaryşlaryny wagyz etmäge gönükdirilendir.
09.04
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparynyň barşynda Mejlisiň Başlygynyň, hökümet we döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
09.04
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl Gustawa Stokgolm şäherinde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
08.04
2017
Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň sportuň oýun görnüşleri toplumynda meşhur “Harlem Wizards” toparynyň gatnaşmagynda hem-de ýene birnäçe aýdan türkmen paýtagtynda badalga alýan Aziada –2017-ä bagyşlanan basketbol tomaşasy uly üstünlik bilen geçirildi.
08.04
2017
Soňky ýyllarda ahalteke bedewleriniň tohumyna bütin dünýäde gyzyklanma has artdy. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we şahsy howandarlygynda Türkmenistanda milli atşynaslyk ýörelgelerini gaýtadan dikeltmek, ýurdumyzda atçylyk sportuny ösdürmek, seçgi-tohumçylyk işini geçirmek arkaly ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny saklamak we gowulandyrmak, olaryň genofonduny gowulandyrmak boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň netijesidir.
08.04
2017
Belarus Respublikasynyň Prezidenti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberip, Türkmenistanda özüniň mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hatda şeýle diýilýär:
08.04
2017
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlady. Gutlagda şeýle diýilýär:
08.04
2017
OYR-nyň Prezidentiniň gutlagynda “Owganystanyň we Türkmenistanyň sebitleýin ykdysady meýilnamalary bir-birine gabat gelýär. Bu bolsa iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine oňyn täsirini ýetirýär.