12.05
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň hökümetinde wezipelere bellemek meselelerine garady. 2017-nji ýylyň dört aýynda durmuş-ykdysady ösüşiň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde döwlet Baştutanymyz tarapyndan degişli Permanlara we Kararlara gol çekildi.
12.05
2017
Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti Halid B.Al Sabah, Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa hat iberdi. Onda şeýle diýilýär:
12.05
2017
Mejlisiň maslahaty boldy, onuň barşynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Baş prokurorynyň wezipesine bellemek hakyndaky meselä garaldy. Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen, Batyr Taganowiç Atdaýewi ýurdumyzyň Baş prokurory wezipesine bellemäge razylyk berildi.
12.05
2017
Aziýanyň suwda ýüzmek federasiýasynyň prezidenti
Halid B.Al Sabah Türkmenistanyň Prezidenti, V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat iberdi
12.05
2017
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2017-nji ýylyň dört aýynda ýurduň jemi içerki önüminiň ösüş depgini 6,2 göterime, şol sanda senagat pudagynda 2,1 göterime, gurluşykda 4,3 göterime, ulag we aragatnaşyk pudagynda 10,8 göterime, söwdada 10 göterime, oba hojalygynda 3,5 göterime, hyzmatlar ulgamynda 10,7 göterime barabar boldy.
12.05
2017
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik işgärlerinden düzülen wekilçilikli topar asylly däbe görä türkmen halkynyň beýik ogullary –nusgawy şahyrlar Magtymguly we Döwletmämmet Azadynyň baky aram tapan ýerine zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna ugrady.
11.05
2017
Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw tarapyndan Türkmenistanyň kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň iş dolandyryşynda emele gelýän resminamalaryň birkysmy sanawy we olaryň saklanylmaly möhletleri çap edildi.
11.05
2017
Türkmenistanyň Senagat ministrligi Kelete sement zawodynyň binýadynda ýyllyk kuwwaty 300-600 müň tonna semende barabar bolan ölümçilik ulgamynyň gurluşygy boýunça halkara maýa goýum bäsleşigini ylgan etdi.
11.05
2017
Şu gün Aşgabatda Bilelikdäki türkmen-german iş toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine iki dostlukly ýurduň arasynda söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň meseleleri girizildi.
11.05
2017
Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda hem-de welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde 11-nji maýda öňünden ses bermek başlandy.