Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Döredijilik işgärleriniň wekiliýeti Magtymgulynyň we Döwletmämmet Azadynyň arap tapan ýerlerine zyýarata ugrady
Medeniýet
Döredijilik işgärleriniň wekiliýeti Magtymgulynyň we Döwletmämmet Azadynyň arap tapan ýerlerine zyýarata ugrady
Çap edildi 12.05.2017
2695

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň döredijilik işgärlerinden düzülen wekilçilikli topar asylly däbe görä türkmen halkynyň beýik ogullary –nusgawy şahyrlar Magtymguly we Döwletmämmet Azadynyň baky aram tapan ýerine zyýarat etmek üçin Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna ugrady. Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan zyýarytyň birinji güni zyýaratçylar beýik şahyryň watany Magtymguly etrabynyň merkezine geldiler. Beýik şahyryň hormatyna dikeldilen medeni-ýadygärlikler toplumynyň meýdançasynda ýurdumyzyň ýaş şahyrlarynyň arasynda Türkmensitanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hormatyna yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Soňra dabara gatnaşyjylar beýik Pyragynyň ýadygärligine we döredijilikleri milli mirasymyzyň bahasyz gymmatlygy bolan Keminäniň, Mätäjiniň, Zeliliniň, Seýdiniň, Magrupynyň ýadygärlikleri ýerleşdirilen toplumyň etegine gül desselerini goýdular. Magtymguly Pyragynyň muzeýinde wekiliýetiň agzalary şahyryň durmuş we döredijilik ýoly barada gürrüň berýän seýrek duş gelýän gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Ertir watandaşlarymyz Eýranyň Gülüstan welaýatyndaky nusgawy şahyrlaryň baky aram tapan ýerinde geçiriljek çärelere gatnaşar. Şol ýerde milli dessurlara laýyklykda aýat-töwir okalar. Türkmen halkynyň beýik ogullaryny hatyralap, zyýaratçylar şol gün Türkmenistana dolanarlar. Syýaratçylaryň hatarynda medeniýet işgärleri, alymlar we mugallymlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçiligiň wekilleri, ýaşulular bar.

Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar
top-arrow