26.05
2017
Döwlet Baştutanymyzyň maslahatlaryna laýyklykda korrupsiýa hem-de parahorluga garşy göreşmek baradaky ýörite döwlet maksatnamasy işläp taýýarlanylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň milli parlamentiniň başlygy A.Nurberdiýewa habar berdi.
25.05
2017
Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Bu gün Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda özbaşdak durmuşa gadam basýan 85 müňden gowrak uçurym üçin aýratyn dabaraly we tolgundyryjy gün boldy. Bu ýyl özygtyýarly Watanymyzyň parahatçylygyň we döredijiligiň ýoly bilen üstünlikli öňe gitmegini aňladýan uly wakalara beslendi. Ynha, eýýäm birnäçe aýdan Türkmenistan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylary kabul eder. Bu Oýunlar ýurdumyzyň sport döwleti derejesini berkitmegi ugur edinýär. Elbetde, şu günki baýramçylyk bolsa dostlugyň, sagdynlygyň, ylham joşgunynyň senasydyr.
25.05
2017
“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça 15-nji maýda Özbegistanyň dürli sebitlerinden Hazaryň ekologik taýdan arassa türkmen kenaryndaky dünýä derejeli şypahana merjenine dynç almaga gelen çagalaryň uly toparyny ugratmak dabarasy boldy.
25.05
2017
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Ak şäherim Aşgabat” atly XVI köpugurly halkara sergi öz işini tamamlady. Bu sergi paýtagtymyzyň şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünliklerine hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerine bagyşlandy.
25.05
2017
“Mizan” işewürler merkezinde Türkmen-belarus işewürler forumy geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň uly wekiliýeti türkmen paýtagtyna geldi. Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Söwda-senagat edaralary tarapyndan yzygiderli guralýan forum ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin möhüm ähmiýetli gepleşikler meýdançasy hökmünde özüni görkezdi.
25.05
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy
25.05
2017
Sizi ajaýyp bilim baýramçylygy - «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenýän «Soňky jaň» dabarasynyň belent maksatlary kalbynda besleýän uçurymlarymyzyň durmuşynda iň bagtyýar pursatlaryň biri hökmünde ýatda galjakdygyna berk ynanýaryn.
24.05
2017
Şu gün Lebap welaýatynda, Jeýhun derýasynyň kenarynda ýerleşen Halaç etrabynyň “Pelwert” daýhan birleşiginde we Hojambaz etrabynyň “Mekan” daýhan birleşiginde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Bu ýerde täze ulag geçelgesi guruldy.
24.05
2017
Sebitleriň ulag düzümini ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara derejesindäki iri taslamalaryň durmuşa geçirilmeginden ybarat bolan ulag strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu ýörelge oba ýerleriniň hojalyk, söwda-ykdysady we durmuş-ynsanperwerlik gatnaşyklaryna işjeň goşulmagyna, olaryň maýa goým mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna, oba ýerlerinde telekeçiligiň höweslendirilmegine we senagat ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.
24.05
2017
Malaýziýanyň Patyşasy Muhammad V Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow yň adyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny iberdi.