Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna hat gelip gowuşdy
Çap edildi 25.05.2017
1361

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Ilki bilen Size we Siziň üstüňiz bilen doganlyk türkmen halkyna däp bolan myhmansöýerlik hem-de 2017-nji ýylyň 19—20-nji maýynda Türkmenistana iş saparymyň barşynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda mähirli kabul edendigiňiz üçin, tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Şu ýylyň mart aýynda Aşgabatda geçirilen ikitaraplaýyn gepleşikleriň hem-de Türkmenabatda geçirilen taryhy çäreleriň dowamyna öwrülen, açyklyk hem-de özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşyk biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň we strategiki hyzmatdaşlygyň ýokary derejededigini görkezdi. Döwletara gatnaşyklaryň, sebit we halkara syýasatyň köp meseleleri boýunça netijeli gepleşikler, şeýle hem gol çekilen bilelikdäki resminamalar köpugurly we özara bähbitli özbek-türkmen hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna ýardam eder. Hazar ýalpaklygynda ýataklary özleşdirmek, häzirki wagtda döredilýän döwrebap Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak, elektrik energiýasynyň üstaşyr geçirilmegini guramak ulgamlarynda we özara bähbitlere laýyk gelýän beýleki ugurlarda geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gazanylan ylalaşyklaryň aýratyn ähmiýetini belläsim gelýär. Men şeýle hem, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin we Merkezi Aziýa sebitinde netijeli ulag-üstaşyr düzümi döretmek boýunça işjeň tagallalaryňyzy doly goldaýandygymy beýan edýärin. Täze Türkmenabat — Farap köprüleriniň gurulmagy netijesinde ýurtlarymyzyň üstünden daşalýan ýükleriň möçberleriniň ep-esli artmagy bu işiň aýdyň netijeleriniň biridir. “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda syýahatçylyk, işewürlik we sport düzüminiň desgalaryna bilelikde baryp görmegimiz mende iň mähirli hem-de ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Siziň başlangyjyňyz bilen ägirt uly taslamanyň giň gerimlidigini öz gözüm bilen gördüm. Dünýädäki çökgünlik şertlerinde bu taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwata eýedigine şaýatlyk edýär. Biz Merkezi Aziýada halkara derejeli syýahatçylyk we işewürlik toplumynyň döredilmegine tüýs ýürekden guwanýarys. Şol toplumyň hyzmatlaryndan dünýäniň ähli künjeklerinden, şol sanda Özbegistandan barýan myhmanlar peýdalanyp bilerler. Pursatdan peýdalanyp, “Awazanyň” ajaýyp künjeginde uly şatlyk hem-de höwes bilen dynç alan çagalarymyz üçin dostluk, şadyýanlyk we myhmansöýerlik ýagdaýynyň döredilendigi üçin! Size ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk bildirmäge rugsat ediň! Şu ajaýyp günleriň çagalarymyzyň ýadynda köp wagtlap galjakdygyna hem-de biziň halklarymyzyň arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrjakdygyna ynanýaryn. Bilelikdäki tagallalarymyz bilen dostlukly halklarymyzyň abadançylygynyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň bähbidine geljegi uly ugurlaryň ählisi boýunça köptaraply özbek-türkmen gatnaşyklarynyň yzygiderli giňeldilmegini hem-de çuňlaşdyrylmagyny üpjün etjekdigimize berk ynanýaryn. Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk we Siziň döwlet işiňizde täze üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa bagt we rowaçlyk arzuw edýärin. Çuňňur hormatlamak bilen, Şawkat Mirziýoýew, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
10.06
2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
10.06
Ş.Geldynazarow hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
10.06
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
10.06
Mary welaýatynyň etraplarynda gant şugundyrynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy
10.06
Türkmenistanda Finlýandiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
10.06
Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdiler
09.06
Netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda täze ädimler
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Portugaliýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.06
Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow