03.06 2017
Döwletimiziň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynyň guraýan duşuşygyna Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň, hukuk goraýjy düzümleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekillleri gatnaşdylar.
03.06 2017
Şu gün Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi birinji maslahaty geçirildi. Onda birnäçe kanunlar we kadalaşdyryş-hukuk namalary kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.
03.06 2017
Häzirki ýörüteleşdirilen gözden geçiriliş türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçilgine ýurdumyzyň dokma pudagynyň gazanan ýokary netijelerini görkezmäge niýetlenendir,-diýilp Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda aýdylýar.
02.06 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi.
01.06 2017
Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
01.06 2017
Şu gün harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we jogapkär işgärleriniň gatnaşmagynda maslahat geçirildi. Onuň esasy meselesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda döredilen Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň öňünde durýan möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
01.06 2017
Şu gün Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Ýewraziýada energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde tebigy gazyň, nebitiň we elektroenergiýanyň orny” atly her ýylda geçirilýän okuw maslahaty öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Halkara Energetika Hartiýasynyň sekretariaty bilelikde gurady.
01.06 2017
Şu gün Mejlisiň nobatdan daşary maslahaty boldy. Onda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmak we wezipä bellemek baradaky meselelere garady.
01.06 2017
Şu gün türkmen paýtagtynda Hazarýaka döwletleriniň – Türkmenistanyň, Russiýanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýany işläp taýýarlamak boýunça Ýörite iş toparynyň 49-njy mejlisi geçirildi.
1527 sahypa
Soňky habarlar
03.10
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
02.10
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
01.10
Aşgabatda maýa goýum forumy geçirilýär
01.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara