Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň dokma senagaty-2017» Halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanyň dokma senagaty-2017» Halkara sergisine gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi
Çap edildi 03.06.2017
1645

Häzirki ýörüteleşdirilen gözden geçiriliş türkmenistanlylara we halkara jemgyýetçilgine ýurdumyzyň dokma pudagynyň gazanan ýokary netijelerini görkezmäge niýetlenendir,-diýilp Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gutlag hatynda aýdylýar. Türkmenistanda halkyň abadan durmuşy üçin ähli şertler döredilendir. Dünýewi, hukuk, demokratik döwletiň syýasy, ykdysady, kanunçylyk we durmuş-ruhy binýady kemala geldi. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek üçin döwrüň talaplaryna laýyk gelýän we iň öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan täze kärhanalar işe girizilýär. Olarda dünýä bazarlarynda uly iseg bildirilýän harytlar öndürilýär. Şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary şekillendirlen ýokary hilli ýerli dokma önümleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň dokma senagatynyň okgunly ösüşi daşky gurşawa zyýan ýetirmezden amala aşyrylýar, muňa täze dokma toplumlaryna we fabriklerine berlen degişli halkara sertifikatlary-da şaýatlyk edýär,- diýlip gutlag hatynda bellenilýär. Önümçilige dünýä ylmynyň gazananlaryny we netijeli innowasion tilsimatlary ornaşdyrmagyň hasabyna senagaty, milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň ählisini mundan beýlägem ösdürmek şu günüň möhüm wezipeleriniň biridir. Bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki ýörüteleşdirilen gözden geçirliş dünýä bileleşigine ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny ýene bir gezek görkezmäge ýardam berer. Döwlet baştutany gutlagynyň ahyrynda Dokma senagaty işgärlriniň gününe bagyşlanylyp geçirilýän halkara sergisiniň ýurdumyzyň iri pudaklarynyň biri bolan dokma senagatynyň gazananlary bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlary tanyşdyrmak babatda aýratyn ähmiýetlidigini nygtaýar. Mundan başga-da, bu sergi şu ýerde görkezilýän harytlary we hyzmatlary öndürijileriň--kärhanalaryň wekilleriniň, hususy telekeçileriň arasynda özara gyzyklanma bildirilýän meseleleriň giň toplumy, bilelikde olaryň çözgüdini tapmak, hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça pikir alyşmak üçin netijeli meýdança bolar.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow