29.06
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen hatlarda daşary ýurtly döwlet ýolbaşçylary 60 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar.
28.06
2017
2007-nji ýylyň 11-nji fewralynda türkmen halky giň bäsdeşlik esasynda geçirilen döwlet Baştutanynyň ählihalk demokratik saýlawlarynyň barşynda täze döwrüň syýasatçysy Gurbanguly Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlady. Bu waka türkmen döwletiniň taryhyndaky täze döwrüň başlangyjy hökmünde ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
28.06
2017
Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline “Boeing-737-800” kysymly täze ýolagçy howa ulagy gelip gondy. Ol şu tapgyrdaky howa gämileriniň üçünjisidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, olaryň satyn alynmagy üçin 2014-nji ýylyň aprelinde Amerikanyň ägirt uly awiagurluşyk kompaniýasy bilen şertnama baglaşyldy.
28.06
2017
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Tramp hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Oraza baýramy mynasybetli mähirli gutlady.
27.06
2017
Şu gün ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň güni paýtagtymyzda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň jemleýji çäreler-- uly baýramçylyk konsert bilen utgaşdy.
27.06
2017
Şu gün Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda arassalaýjy desgalaryň we aýlawly suw üpjünçiliginiň täze senagat ulgamy ulanmaga berildi. Dabara pudak edaralarynyň, şäheriň häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, gurluşykçylar, şeýle hem Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň buýurmasy boýunça ekologiýa taýdan wajyp taslamany amala aşyran “Petro Gas LLP” britan kompaniýasynyň wekilleri gatnaşdylar.
27.06
2017
Ýakynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen ýeňil atletika boýunça halkara turnirinde türkmen türgenleri bir kümüş we iki bürünç medal eýelemegi başardylar. Watandaşlarymyz “ýekedaban zyňmak” we “4x400 metre ylgamak” görnüşleri boýunça tapawutlandylar.
27.06
2017
Şu gün paýtagtymyzda “Söwda we hyzmat-2017” atly sergi-ýarmarka açyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezi iki günlük hakyky supermarkete öwrüldi. Sergini guraýjylar ony hut şu görnüşde ýaýbaňlandyryp, bir uly meýdançada pudaklaryň köp wekillerini jemlediler.
27.06
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy A.Nurberdiýewa Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Keýtumesi Seýpelo Tandeka Mettýusdan ynanç hatyny kabul etdi.
27.06
2017
Sizi «Söwda we hyzmat - 2017» atly sergi-ýarmarkanyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda Aşgabatda geçirilýän bu serginiň söwda ulgamynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýeten sepgitlerini giňden görkezmek bilen, ilata edilýän hyzmatlaryň hilini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn!