Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Daşary ýurtly döwlet ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiziň 60 ýaşyny gutladylar
Syýasy habarlar
Daşary ýurtly döwlet ýolbaşçylary hormatly Prezidentimiziň 60 ýaşyny gutladylar
Çap edildi 29.06.2017
1569

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gelen hatlarda daşary ýurtly döwlet ýolbaşçylary 60 ýaş toýy bilen tüýs ýürekden gutladylar. Berk jan saglygyny we abadançylyk arzuw edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon öz hatlarynda mähirli gutladylar. Tüýs ýürekden çykýan iň oňat gutlaglaryny hem-de berk jan saglyk, gülläp ösüş we üstünlikler baradaky arzuwlaryny Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa bin Zaýed Al Nahaýan, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In, Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon hatlarynda beýan etdiler. Şeýle hem gutlag hatlaryny Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedew, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblasytynyň gubernatory Aleksandr Žilkin, Abu-Dabiniň mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary Muhammed Bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirliginiň wise-prezideni, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed Bin Raşid Al-Maktum iberdiler.

Soňky habarlar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
25.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
24.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
24.09
Halal we göreldeli zähmetiň döwlet derejesinde sarpalanmagy
24.09
Milli ylym ösüş ýolunda
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
top-arrow