30.08
2017
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-gruzin toparynyň mejlisi boldy. Duşuşyga iki dostlukly ýurduň pudaklaýyn düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri gatnaşdylar.
30.08
2017
Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwiliniň duşuşygy boldy.
30.08
2017
Ýurdumyza bolan resmi saparynyň çäklerinde Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili Türkmenistanyň Mejlisine bardy. Bu ýerde myhmanyň milli parlamentiň Başlygy Akja Nurberdiýewa bilen duşuşygy boldy.
30.08
2017
Türkmenistan biziň günortadaky goňşymyz - Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň kemala gelmegine hemmetaraplaýyn ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda diňe syýasy - diplomatik, söwda - ykdysady hem-de ynsanperwerlik usullarynyň herekete girizilmeginiň zerurdygyny belleýär.
29.08
2017
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň şu ýylyň sekiz aýynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe paýtagtymyzda howpsuzlygy hem-de jemgyýetçilik tertip-düzgünini üpjün etmek boýunça wezipeleriň ýerine ýetirilişi baradaky hasabatlary diňlenildi.
28.08
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy ulgamyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
28.08
2017
Merkezi serkerdeler öýünde “Juwanlygyň joşguny” şahyrana bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşigi Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň “Milli goşun” žurnaly gurady. Şeýle resmi bäsleşik Internet ulgamynyň çäklerinde ilkinji gezek geçirildi, onuň ýeňijileri bolsa onlaýn ses bermek arkaly kesgitlenildi.
28.08
2017
Türkmenistanyň Prezidentiniň buýrugyna laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý berjaý etmän, jemagat hojalygy kärhanalarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin, Türkmenistanyň jemagat hojalygy ministri Abilow Myratniýaz Ýazmuhammedowiçe duýduryş yglan edildi.
27.08
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Krasnodar ülkesinde awtobusyň ýol-ulag heläkçiligine uçramagy netijesinde köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmeleri zerarly, gynanç hatyny iberdi.
26.08
2017
Demirgazyk welaýatyň merkezinde kafel plitalarynyň önümçiligi boýunça kiçi kärhananyň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Hasylçy geňeşliginiň “Döwletli” daýhan birleşiginde döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy.