28.09
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen türkmen sportuny ösdürmekde we dünýä ýaýmakda bitiren uly hyzmatlary, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17–27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamakda, şeýle hem sport boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işlerinde gazanan ýokary netijeleri üçin şu adamlara «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly at dakyldy:
28.09
2017
Mejlisde ýurdumyzyň parlamentiniň deputatlarynyň we hünärmenleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda üstünlikli geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemlerine bagyşlanylan dabaraly maslahat geçirildi.
28.09
2017
Türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde bitiren uly hyzmatlaryny, sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, ýeňiji bolandyklaryny, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 17–27-nji sentýabry aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen sportuň görnüşleri boýunça ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, birnäçe baýrakly orunlary eýeländikleri, gazanan ýokary netijeleri nazara alnyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly at dakyldy:
28.09
2017
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, syýasatşynaslar, sport jemgyetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
28.09
2017
Türkmen sportuny ösdürmekde we onuň halkara abraýyny belende götermekde, şan-şöhratyny ýokarlandyrmakda bitiren uly hyzmatlaryny, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri taýýarlamakda, olara sportuň inçe syrlaryny, tälimlerini we nusgalyk ýollaryny öwretmekde, sportuň görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri we toparlary taýýarlamak babatda usuly gollanmalary durmuşa geçirmekde goşan aýratyn şahsy goşandyny, sport boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işlerinde gazanan ýokary netijelerini nazara alyp, Türkmenistanyň Mejlisi Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady dakmak kararyny kabul etdi.
28.09
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Miroslaw Ýençäni hem-de BMG-niň ýörite wekili, Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖDSM) baştutany Natalýa Germany kabul etdi. Olar V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasyna gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna geldiler.
27.09
2017
Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi ýapylyş dabarasy boldy.
27.09
2017
Şu gün “Aşgabat 2017” oýunlarynyň iň soňky medallar toplumlary ugrunda bäsleşikler geçirildi. Tutuşlygyna Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndy topary öz bäsdeşlerinden has uly tapawut bilen umumy hasapda öňdeligi eýeledi.
27.09
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Okeaniýa ýurtlarynyň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçysy jenap Robin Mitçelli kabul etdi.
27.09
2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda bolýan Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň (AOG) prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabahy kabul etdi.