02.11 2017
Sizi Aşgabat şäherinde geçirilýän «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2017» atly 22-nji halkara maslahatynyň we sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara maslahatynyň we sergisiniň nebitgaz pudagyna degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga we bu ugurda alnyp barylýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge giň mümkinçilikleri döretjekdigine berk ynanýaryn – diýip, gutlagda bellenýär.
01.11 2017
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mejlisler zalynda dolanşyga milli walýutanyň-manadyň girizilmeginiň 24 ýyllygyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahat geçirildi.
01.11 2017
2-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary başlanýar. Sapar Prezident Emomali Rahmonyň çakylygy boýunça amala aşyrylýar.
01.11 2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Şeýle hem ozal kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi we ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
01.11 2017
Şu gün ""Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi.
01.11 2017
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş institutynyň mejlisler zalynda türkmen milli manadynyň dolanşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
01.11 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, gözegçilik edýän pudaklarynda işi talabalaýyk ýola goýmandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Babaýew Maksat Mämmetsaparowiçe käýinç yglan edildi.
01.11 2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Italiýa Respublikasyndaky Türkmenistanyň Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Rejepow Berdimyrat şol bir wagtyň özünde Ispaniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellendi.
01.11 2017
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Nýu-Ýork şäherinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.
01.11 2017
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär.
1526 sahypa
Soňky habarlar
01.10
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýaşuly nesillerine hem-de ähli halkyna
01.10
Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara
01.10
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
30.09
Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy: ösüş ýolunda täze belent sepgitlere tarap
30.09
Migrasiýa gullugynyň işi kämilleşdirilýär
29.09
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdylar