21.12
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oktýabr aýynda geçiren Ýaşulularyň maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynda öňdebaryjy kosmos tehnologiýalaryny peýdalanmagy has-da giňeltmegi ýakyn döwür üçin esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Döwlet Baştutanymyzyň çözgüdi boýunça 2018—2024-nji ýyllarda ýurdumyzyň kosmos ulgamyny ösdürmäge hem-de onuň işini kämilleşdirmäge 1 milliard 300 million manat möçberinde maýa goýumlary gönükdiriler.
20.12
2017
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow täze ýyl arçasynyň dabaralaryna gatnaşyp, çagalar bilen baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy, şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň çäginde Wepaly alabaýyň heýkeliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
20.12
2017
Paýtagtymyzda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň nobatdaky ikinji mejlisi geçirildi, oňa bu ýurduň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň ýolbaşçylygyndaky BAE-niň wekilçilikli topary gatnaşýar.
20.12
2017
Paýtagtymyzdaky Maslahatlar köşgünde ýaşlaryň arasynda geçirilýän “2017-nji ýylyň parlak ýyldyzy” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zehinli aýdymçylar gatnaşdylar. Döredijik bäsleşiginiň ýeňijileri köpsanly teletoimaşaçylaryň, radiodiňleýjileriň we ýörite emin agzalarynyň toparynyň beren seslerine laýyklykda kesgitlendi. Onuň düzüminde ýurdumyzyň saz we sahna ussatlary, estrada aýdymçylary we medeniýet işgärleri bar.
20.12
2017
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirlikleriniň wekilçilikli toparyny kabul etdi. BAE-niň daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Şeýh Abdulla bin Zaýed Al Nahaýanyň baştutanlygyndaky bu wekilçilikli toparyň düzüminde BAE-niň energetika ministri Suheýl Al Mazrui, BAE-niň infrasruktura ösüşi ministri Abdulla bin Mohammed Belhaif Al Nuaimi we Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baş direktory Mohammed Saif Al Suwaidi bar.
19.12
2017
Ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda yzygiderli durmuşa geçirilýän ykdysady syýasatyň möhüm ugrudyr. Oba hojalygynda toplumlaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy, daşary ýurtlardan getirilýän harytlarynyň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi, ykdysadyýetiň hususy ulgamynyň, kiçi we orta telekeçiligiň hemmetaraplaýyn goldanylmagy netijesinde bu ulgamda düýpli üstünlikler gazanyldy.
18.12
2017
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlarynyň häkimleriniň we Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak baýramçylyk dabaralaryna görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
18.12
2017
Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 29-njy noýabrda Serhetabat (Türkmenistan) stansiýasyndan Turgundy (Owganystan) stansiýasyna çenli täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi.
18.12
2017
Milli sport we syýahatçylyk institutynda Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň jemlerine bagyşlanan “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilelikde gurady. Maslahata sport we lukmançylyk edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
17.12
2017
Türkmenistanda häzirkizaman bilim ulgamynyň ähli tapgyrlarynda daşary ýurt dillerini öwretmegiň öňdebaryjy usulyýetleri ornaşdyrylýar, olary okatmagyň usullary kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dil bilimlerini özleşdirmegiň ýaş hünärmenleriň möhüm artykmaçlyklary bolup durýandygy, onuň adamy baýlaşdyrýandygyny, olaryň öňünde uly mümkinçilikleri açýandygyny belleýär.