05.03
2018
Paýtagtymyzda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň şygary astynda hereket edýän Söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek boýunça Ýokary derejedäki topar öz işine başlady.
05.03
2018
Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem-de onuň edarasy saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler.
05.03
2018
Awaza"" milli syýahatçylyk zolagynda “Hazar deňzi-durnukly ösüş we dolandyryş” atly halkara okuw maslahaty öz işine başlady. Ol Daşary işler ministrligi hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan Halkara umman instituty (HUI) bilen bilelikde guraldy. Maslahata Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň hem-de ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we edaralarynyň hünärmenleri, şeýle hem halkara bilermenler-HUI-niň deňiz ykdysadyýeti, syýasaty, dolandyryş, ekologiýasy, deňiz hukugy we beýleki ugurlardan ylmy maslahatçylary gatnaşýarlar.
05.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewe Baku şäheriniň Hatain etrabyndaky Respublikan narkologik merkezinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.
05.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda 15-16-njy mart aralygynda Mejlisiň başlygy A. Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekilýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Astana şäherine (Gazagystan Respublikasy) gulluk iş saparyny amala aşyrar.
04.03
2018
Şu gün sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, asylly däbe görä, boş wagtynda sport bilen meşgullanýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen sport awtomobilinde Garagum sähralyklaryna çykdy. Awtomobil ýörişinde Mejlisiň deputaty, ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hem döwlet Baştutanymyzyň ýanynda boldy.
04.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Armen Sarkisýany Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli, oňa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.
03.03
2018
Ýurdumyzyň türgenleri jiu-jitsunyň ne-waza görnüşi boýunça Abu-Dabide (BAE) geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda dört medala eýe boldular.
03.03
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.
03.03
2018
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde Watan goragçylaryna döwlet sylaglaryny gowşurmak hem-de milli Liderimiziň köpugurly işine bagyşlanan “Arkadag taglymaty – sagdynlygyň, ruhubelentligiň binýady” atly täze kitabyň neşir edilmegi mynasybetli dabara geçirildi.