03.03
2018
2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Daşkentde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin özbek paýtagtyna wise-premýer B. Annameredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekilýeti geldi. Duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
03.03
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji martda geçirilen hökümet mejlisinde Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň geçiriljekdigini habar berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, öňde boljak foruma Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşar.
03.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
02.03
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen iki aýyň dowamynda alnyp barlan işleriň jemleri barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meselelerine garaldy.
02.03
2018
Düýn paýtagtymyzda açylan Eýran Yslam Respublikasynyň XIV ýöriteleşdirilen sergisiniň çäklerinde şu gün ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna bagyşlanan türkmen-eýran işewürler maslahaty geçirildi.
02.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna we Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäheriniň Magtymguly şaýolunyň ugrunda Taslama we Tähran köçeleriniň aralygynda döwrebap binalaryň we desgalaryň taslamalaryny düzmek hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmak, şeýle hem awtomobil ýollaryny gurmak we dörebaplaşldyrmak babatda ýerli gurluşyk kärhanalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.
02.03
2018
Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça türkmen-fransuz iş toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
02.03
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny, şeýle hem şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklady.
02.03
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2018-nji ýylyň 21-nji martynda bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek bellenildi. Resminama bilen ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine bag ekmen boýunça ählihalk ýowarynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
02.03
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Işanguly Hojamuhammedowiç Amanlyýew şol bir wagtyň özünde Türkmenistanyň Marokko Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenildi.