22.06 2018
Daşoguz welaýatynda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça meýilnamanyň irgözinden taýýarlanmagy tutuş orak möwsüminiň anyk işini we kuwwatly tehnikalaryň netijeli peýdalanylmagyny üpjün etdi.
22.06 2018
Sizi Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin!
21.06 2018
Şu gün Lebap welaýatynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nobatdaky ýaşaýyş toplumynyň düýbüni tutmak hem-de ýurdumyzyň gündogar welaýatynyň merkezinde bina edilen kiçi etrapçany ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy.
21.06 2018
13-nji iýunda galla oragyna goşulan Balkan welaýatynda häzire çenli gallanyň 33 müň 500 tonnadan gowragy oruldy, dänelik ekin üçin bölünip berlen oba hojalyk ýerleriniň dörtden üç böleginden gowragy ýygnaldy. Bu ýerde bugdaý ekilen meýdan 57 müň gektar ýeri eýeleýär. Şu ýyl günbatar sebitiň gallaçylary dänäniň 120 müň tonnasyny ýygnamaga borçlandylar.
20.06 2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda başlanan iş saparynyň çäklerinde Ruhyýet köşgünde ýurdumyzda sporty ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Hususan-da,“Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisini geçirmäge görülýän taýýarlyk çärelerine garaldy. Şeýle hem maslahatda halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
20.06 2018
Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG tarapyndan yglan edilen “2018 — 2028-nji ýyllarda durnukly ösüş üçin suw” atly Hereketleriň on ýyllygyna bagyşlanan Ýokary derejeli Halkara maslahatyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Täjigistan Respublikasyna ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.
20.06 2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täjik paýtagtynda geçirilýän “Durnukly ösüş üçin suw ” atly ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmagynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
20.06 2018
Şu gün paýtagtymyzyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahat geçirildi. Ony ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň goldaw bermegi bilen Türkmenistanyň döwlet daşary ykdysady iş banky hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ösüş maksatnamasy (BMGÖM) guradylar.
20.06 2018
Şu gün Gazagystanyň paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIII forumy öz işini tamamlady. Oňa Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan wekiller gatnaşdylar. Olaryň hatarynda görnükli ylym, bilim, medeniýet işgärleri, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem döwletara düzümleriň, halkara guramalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri bar.
20.06 2018
Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine we Birleşen Milletler Guramasyna bu maslahata gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumy geçirmek üçin döredilýän ajaýyp şertler üçin minnetdarlyk bildirmäge rugsat ediň!
1524 sahypa
Soňky habarlar
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
27.09
Hormatly Prezidentimiz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.09
​Watan goragçylary ýokary döwlet sylaglaryna we täze harby atlara mynasyp boldular
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa