Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Syýasy habarlar
Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Çap edildi 22.06.2018
1604

Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Sizi Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň dabaraly açylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Size berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, döredijilikli işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzda ähli ugurlar boýunça düýpli ösüşler gazanylyp, Garaşsyz ýurdumyz häzirki wagtda ykdysady taýdan has-da kuwwatlanýar. Eziz Watanymyzda ýetilýän belent sepgitler, amala aşyrylýan taryhy özgertmeler bagtyýar halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Häzirki döwürde biz ýurdumyzda raýatlarymyzyň abadan durmuşda, bagtyýar ýaşamagyna, netijeli we döredijilikli işlemegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Bu işleriň netijeli alnyp barylmagy üçin iri möçberli maýa goýumlaryny gönükdirýäris. Berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak, ýurdumyzyň şäherlerini, etraplaryny, obalaryny düýpli özgertmek, ýaşlar üçin täze iş orunlaryny döretmek biziň esasy wezipelerimiziň biridir. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgämizden gözbaş alýan giň möçberli maksatnamalar milletimiziň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde, ýurt berkararlygynyň binýadyny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly adamlar! Gadyrly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň köp asyrlyk taryhyny, milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy galalarymyzyň, kerwensaraýlarymyzyň, taryhy ýadygärliklerimiziň gadyr-gymmatyny dünýä ýaýmak möhüm wezipeleriň biridir. Munuň özi nesillerde watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleri kemala getirmekde, şöhratly ata-babalarymyzdan şu günlere gelip ýeten milli mirasymyzy aýawly saklamakda möhüm ähmiýete eýedir. Şu belent maksatdan ugur alyp, biz 2018-nji ýyly «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýyly diýip yglan etdik. Häzirki wagtda ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanan medeni-köpçülikleýin çäreler üstünlikli geçirilýär. Bularyň ählisi dünýä halklary bilen medeni gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmaga, türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmaga, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen gadymy ýadygärliklerimizi, halkymyzyň taryhy we medeni mirasyny düýpli öwrenmäge, milli gymmatlyklarymyzy ýüze çykarmaga, toplamaga, olary ylmy esasda öwrenmäge we gorap saklamaga uly ýardam berýär. Beýik Ýüpek ýoluna bagyşlanyp geçirilýän medeni çärelere ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlary, artistleri, bagşy-sazandalary has-da işjeň gatnaşyp, joşgunly çykyş edýärler. Eziz watandaşlar! Hormatly medeniýet we sungat işgärleri! «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda Medeniýet hepdeliginiň Ahal welaýatynda geçirilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe uly ösüşlere beslenen Ahal topragy türkmen halkynyň şöhratly taryhyny özünde jemleýän gadymy toprakdyr. Ahal welaýatynyň çäginde ýerleşýän Seýit Jemaleddin metjidi, Paryzdepe taryhy ýadygärligi, Şähryslam galasy, «Abiwerd» taryhy-medeni döwlet goraghanasy we beýleki taryhy ýadygärlikler häzirki wagtda diňe bir watandaşlarymyzyň däl, eýsem, dünýä jahankeşdeleriniň hem iň bir gelim-gidimli ýerlerine öwrüldi. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasy bolsa köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän ýerine öwrüldi. Ahal welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny täze, döwrebap eserler bilen baýlaşdyrmaga, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň milli mirasyny, gadymy gymmatlyklaryny içgin öwrenmäge we dünýä ýaýmaga täze badalga berer. Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň baýramydyr. Döredijilik işgärleriniň şatlyk-şowhuna besläp geçirýän sungat baýramy berkarar döwletimiziň taryhy senenamasyna girjek şanly waka öwrülmelidir. Hormatly Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar! Hormatly adamlar! Sizi Ahal welaýatynda Medeniýet hepdeliginiň açylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn! Dabarasy uludan tutulýan sungat baýramyna gatnaşyjylar bolan Siziň ähliňize berk jan saglyk, uzak ömür, döredijilik üstünliklerini arzuw edýärin! Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Soňky habarlar
23.09
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi
23.09
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki ÇYKYŞY
23.09
2026-njy ýylyň 28-nji sentýabryny iş güni däl diýip yglan etmek hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
23.09
Türkmenistanyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine
23.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
23.09
«Türkmenistany senagat taýdan ösdürmegiň 2030 — 2045-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» tassyklanyldy
23.09
“Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy” milli konsepsiýasy tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasy» tassyklanyldy
23.09
«Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» tassyklanyldy
top-arrow