08.07 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Argentina Respublikasynyň Prezidenti Hawýer Herardo Mileýe we ýurduň halkyna Argentinanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

08.07 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň guramaçylyk-taýýarlyk işlerini seljermek maksadynda, Balkan welaýatyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyz Hazaryň kenarynda meýilleşdirilen bu uly halkara çäräniň taýýarlyk derejesi we bu babatda amala aşyrylýan taslamalar bilen tanyşdy.

08.07 2025

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen oba hojalyk pudagynda ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaýyn özgertmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hil taýdan täze derejä çykarylýar. Bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine ýardam berýär hem-de pudagy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

07.07 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

07.07 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Tehas ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

06.07 2025

Geçen hepdäniň wakalarynda häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Watanymyzyň gülläp ösüşini, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek babatda gazanylan üstünlikler öz beýanyny tapdy.

06.07 2025

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň döredijilik we tehniki topary neşiriň iýun aýyndaky sanyny okyjylara hödürlediler.

05.07 2025

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyza we Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy.

05.07 2025

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Maduro Wenesuelanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

04.07 2025

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

1469 sahypa
Soňky habarlar
28.04
Türkmen-hytaý işewürler forumyna we sergisine gatnaşyjylara
27.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
27.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 20 million 32 müň dollaryndan gowrak boldy
26.04
Behişdi bedewler — ösüşiň belentliklerine tarap öňe barýan Garaşsyz Watanymyzyň nyşany
26.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
26.04
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň atşynaslaryna, bedew janköýerlerine we ähli halkyna