07.08
2018
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de ýakyn geljekde olaryň öňünde durýan wezipeler kesgitlenildi.
06.08
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
06.08
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk berjaý etmän, welaýatda ýerli býujete salgytlary ýygnamagyň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Ahal welaýatynyň häkimi Amangeldiýew Şöhrat Annagurbanowiçe käýinç yglan edildi.
06.08
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo ýurduň Lombok adasynda bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitreme zerarly gynanç hatyny iberdi.
05.08
2018
Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň üstünlikli geçirilen ýeri bolan Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan mediaforum geçirildi.
05.08
2018
Türkmen zyýaratçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugyna laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar.
04.08
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine we Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewe Krasnoýarsk ülkesinde bolup geçen we adam pidalaryna getiren “Mi-8” kysymly dikuçaryň heläkçilige uçramagy zerarly gynanç hatyny iberdi.
04.08
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 22-si hasaba alyndy.
03.08
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda geçen ýedi aýda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine hem-de döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.
02.08
2018
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Jumagylyç Pirmuhammedowiç Jumagylyjow Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň başlygy wezipesine bellenilip, ol Türkmenistanyň «Türkmenbaşy» döwlet täjirçilik bankynyň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy.