02.09
2018
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen howa gatnawlary babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça “Türkmenhowaýollary” gullugynyň işgärleriniň öňünde goýan wezipelerini amala aşyrmak bilen, Türkmenistan üstaşyr gatnawlarynyň dessinligini we ygtybarlylygyny halkara ölçeglere laýyklykda doly üpjün edýär.
02.09
2018
Indoneziýada “Bung Karno” stadionynda XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy boldy. Bu tomaşa ýaryşlary geçirýän ýurduň özboluşly milli öwüşginlerine beslendi. Ýagyş hem bu dabaranyň köpöwüşginli häsiýetine päsgel berip bilmedi.
01.09
2018
Türkmenistanda täze okuw ýylynyň başlanandygyny alamatlandyrýan Bilimler we talyp ýaşlar güni baýramçylyga beslendi, bu barada irden ýurdumyzyň ähli okuw mekdeplerinde kakylan jaňlar mälim etdi.
01.09
2018
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 169-sy hasaba alyndy.
01.09
2018
Sizi «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýlip atlandyrylan ýylyň ajaýyp günlerinde giňden bellenýän baýram — Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de 2018 — 2019-njy Täze okuw ýylynyň başlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
31.08
2018
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalaryny hem-de kabul edilen beýleki ykdysady we durmuş maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
31.08
2018
Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky (Berlin şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Toýly Amanmuhammedowiç Ataýewi şol bir wagtda Türkmenistanyň Daniýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemeli.
31.08
2018
Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny we döwrebap ähmiýetini dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak hem-de wagyz etmek, ýurdumyzda awtomobil sportuny ösdürmek we “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralli ýaryşyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
31.08
2018
Olimpiýa şäherçesiniň “Sport” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýakyn wagtda geçiriljek “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde türkmen ýygyndy toparynyň bu ýaryşa gatnaşýan agzalaryna sürüjilik şahadatnamalary we milli Liderimiziň adyndan degişli lybaslar gowşuryldy.
31.08
2018
XVIII tomusky Aziýa oýunlarynyň on üçünji gününde biziň türgenlerimiziň gatnaşmagynda dzýudo boýunça jemleýji ýaryşlar geçirildi.