03.10
2018
Aşgabadyň “Altyn asyr” toparynyň futbolçylary Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň “April 25” toparyny geçirilen iki duşuşygyň netijeleri boýunça ýeňip, ilkinji gezek AFK — 2018-iň kubogy ugrundaky ýaryşyň finalyna çykdy. Iki hepde mundan ozal Phenýanda geçen ilkinji oýun 2:2 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Şu gün “Köpetdag” stadionynda geçirilen jogap duşuşygynda garşydaşlar ýene-de ýeňijini belli etmediler — hasap 1:1 tamamlandy. Ýöne, myhmançylykda geçirilen pökgüleriň sanynyň köp bolmagynyň hasabyna finalda oýnamak hukugyna Türkmenistanyň çempiony mynasyp boldy.
03.10
2018
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.
03.10
2018
Şu gün Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş Assambleýasynyň 55-nji mejlisiniň çäklerinde foruma gatnaşyjylar üçin medeni maksatnama guraldy.
03.10
2018
Şu gün “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “HEAVY CASPIAN: TURKMENISTAN” atly halkara maslahat öz işini tamamlady. Onda ulag-logistika hyzmatlarynyň dünýä bazarynyň ösüşi bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ozal habar berlişi ýaly, bu iri ýöriteleşdirilen maslahat hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi hem-de Türkmen logistika assosiasiýasy (TLA) tarapyndan “Heavy World” we “Ýük ulag merkezi” kompaniýalary bilen bilelikde guraldy.
03.10
2018
Sizi dostlugyň we parahatçylygyň deňzine öwrülen Hazaryň türkmen kenarynda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýahatçylygynyň merjenine öwrülen ajaýyp Awazada Hazarýaka döwletleriniň mekdep medeni-sport festiwalynyň dabaraly açylmagy mynasybetli gyzgyn gutlaýaryn!
02.10
2018
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji maslahatynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakynda çapdan çykan “Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda” atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasyny geçirdiler.
02.10
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiziň uçary Nýu-Ýork şäherinden köp sagatlyk uçuşy amala aşyryp, türkmen paýtagtynyň Halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar, olar milli Liderimizi ABŞ-a amala aşyran üstünlikli sapary bilen gutladylar.
02.10
2018
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Joko Widodo ýurduň Sulawesi adasynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine hem-de uly möçberli weýrançylyklara getiren ýertitremesi we sunami zerarly gynanç hatyny iberdi.
02.10
2018
Sizi Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda geçirilýän «Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly» atly neşir önümleriniň XII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň we ylmy maslahatynyň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
02.10
2018
Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Kitap — hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” atly neşir önümleriniň ХII halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň dabaraly açylyşy boldy.