19.10
2018
Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
19.10
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda Prezident maksatnamalarynyň we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen beýleki maksatnamalaryň durmuşa geçirilişine seredildi, şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
19.10
2018
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Iordaniýa Haşimit Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ismail Rifaýenden ynanç hatyny kabul etdi.
19.10
2018
Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde “Ýüpek ýoly: gadymyýetden häzirki güne çenli” diýen at bilen “tegelek stol” geçirildi. Medeniýet ministrligi tarapyndan Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralan foruma ýurdumyzyň hem-de Russiýanyň ylmy toparlarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki Türkmen-rus orta umumybilim berýän mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.
19.10
2018
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky meselelere ünsi çekdi. Hünär bilimi hemişe döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň şertleriniň biri boldy.
19.10
2018
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Gülşat Mämmedowa Parlamentara Bileleşiginiň 139-njy Assambleýasynyň umumy maslahatynyň çäklerinde “Innowasiýalar we tehnologiki ösüş döwründe parahatçylygy berkitmekde we ösüşde parlamentiň orny” diýen mowzuk boýunça çykyş etdi.
19.10
2018
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredowyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň wekilýeti 16-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy, saparyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirildi.
19.10
2018
18-nji oktýabrda Türkmenistanyň wekilýetiniň Azerbaýjan Respublikasyna iş sapary boldy.
18.10
2018
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek üçin görülýän anyk we netijeli çäreler häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümi çalt kemala getirmek bilen baglanyşyklylykda milli ykdysadyýetimiziň ösüşine güýçli itergi berýär. Bu işde Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň poçta aragatnaşygyna hem uly orun degişlidir.
18.10
2018
Şu ýyl Daşoguz welaýatynda gowaça ekilen 140 müň gektar ýerden 230 müň tonna pagta hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Ýöriteleşdirilen ýokary öndürijilikli tehnikalaryň, şol sanda pagta ýygyjy kombaýnlaryň giňden işe girizilmegi ýygymyň güýçli depginini saklamaga ýardam berýär.